Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ähli künjeginde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Balkan welaýatynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, gurulýan döwrebap desgalar, kämilleşdirilýän ulag-aragatnaşyk ulgamy hem sebitiň ykdysady we durmuş mümkinçilikleriniň täze belentliklere çykýandygyny aýdyň görkezýär.
4-nji noýabrda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşanda, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata bermegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň halkara üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Ata-babalarymyz köpri gurmagy, ýol çekmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Ýola adamlaryň we ýurtlaryň ykballaryny birleşdirýän gymmatlyk diýip düşünipdirler. Bu günki gün şol asylly ýörelgeler döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Täze ýoluň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan bu ýoluň ähmiýeti onuň geografik çäginden has giňdir. Ol Türkmenistanyň goňşy Gazagystan bilen ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýük hem-de ýolagçy ulaglarynyň gatnawlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat eder. Halkara ölçeglere laýyklykda gurlan ýoluň ýer düşeginiň ini 27,5, iki ugurdan ybarat gatnaw böleginiň her biriniň ini 9 metre deňdir. Howpsuzlygy we amatlylygy üpjün etmek üçin 3,5 metrlik bölüji zolak, her tarapynda bolsa ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Bu görkezijiler gurluşygyň hiline, ýoluň uzak möhletleýin ulanylyşyna we ýol hereketiniň howpsuzlygyna berilýän ünsüň netijesidir.
Balkan welaýaty tebigy baýlyklary, senagat kuwwaty, deňiz porty, üstaşyr ulag ýollary we amatly geografik ýerleşişi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi sebitde bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaga giň ýol açýar. Täze awtomobil ýoly Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşykly logistika mümkinçilikleriniň, söwda gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatlar ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Şeýle özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, gurluşyk, ulag, logistika, hyzmatlar, söwda we beýleki ugurlarda hem işjeňlik görkezýärler. Hususy başlangyçlaryň goldanylmagy, telekeçilik üçin döredilýän amatly şertler ykdysadyýetiň köpugurly ösüşine täze itergi berýär.
Hususyýetçiler döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, ykdysady pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşant goşup, täze taslamalary durmuşa geçirýärler. Çünki ýurdumyzyň ösüşi döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen bir hatarda, her bir raýatyň, her bir zähmet toparynyň, her bir telekeçiniň döredijilikli zähmetine hem baglydyr.
Täze ýoluň açylmagy diňe bir ulag gatnawynyň täze ugrunyň işe girizilmegi däldir. Ol sebitiň ykdysady geljegine, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine, telekeçilik başlangyçlarynyň rowaçlanmagyna gönükdirilen möhüm wakadyr. Şu nukdaýnazardan, Balkan welaýatynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň umumy ösüş maksatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine hyzmat edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.