Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi milletimiziň agzybirliginden, jemgyýetimiziň jebisliginden hem-de ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyndan nyşandyr. Şonuň üçin hem, «Är ýagşysy ile geňeşer» diýen nakyla eýerip, asyrlaryň dowamynda agzybirligi ýörelge edinen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna hem-de ajaýyp toýuň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatyna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ähmiýetli maslahatda aýdyň geljegimiziň binýadyny emele getirjek geňeşler ediler. Orta atylan pikirleriň agzybirlikli, geňeşli çözgüdi bolsa röwşen ertirimize nur bolup dolar. Çünki Halk Maslahatynyň işi döwrebap durmuş -ykdysady ösüşiň we ne- tijeli dolandyryşyň täze mehanizmlerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Onuň yzygiderli mejlisleri bolsa taryhy ähmiýetli wakalara öwrülip, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütleriň kabul edilýän meýdançasy bolup durýar.
Ata-babalarymyz möhüm meseleleri çözmekde maslahat etmegi özboluşly dessura öwrüpdirler. Şunlukda, iň ähmiýetli meseleler halkyň oňlamagy bilen çözülipdir. Elbetde, halkymyzyň döwletli ýörelgesi hökmünde ykrar edilen bu dessur pederlerimiziň halk häkimiýetine uly ähmiýet berendiginiň beýanydyr. Bu ajaýyp däbiň häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde aýdyň şöhlelenýär. Elbetde, häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin düýpli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy Milli Liderimiziň başyny başlan içeri we daşary syýasatynyň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda uly üstünliklere beslenýändiginiň nyşanydyr.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenilişi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzdaky özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has- da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Ýokary halk wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň kanunyň öňündäki deňligi, adam hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine möhüm ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýän syýasy giňişligi bolup durýar.
Halk Maslahaty ata-babalaryň däp-dessurlaryny miras alyp, döwletiň milli kuwwatynyň we durnuklylygynyň binýady bolup hyzmat edýän türkmen jemgyýetiniň has-da jebisleşmegine möhüm goşantdyr. Ýaşuly nesliň zähmetine, şeýle-de hyzmatlaryna sarpa goýmak ýörelgesi Halk Maslahatynyň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini öňe sürmek we milli jebisligiň ösüşiň hereketlendiriji güýjüdigini görkezmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm bölegidir.
Watanymyzda gazanylýan üstünlikler we meýilleşdirilen giň gerimli çäreler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny şu ýylyň şygaryna mahsus baýramçylyk ruhy bilen garşylaýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Baş baýramyň öňüsyrasynda — 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan oňyn tejribesiniň dabaralanmasyna we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasyna öwrüler.
Jamal ABYLOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hasapçysy.