Milli Liderimiz: “Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr” diýip belleýär. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy, ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr. Çagalary goramagyň halkara güni, biziň döwletimiziň,Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy düzgünlerine ugurdaşlygynyň, ýaş nesil barada hemişe alada edýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde giňden bellenilýär. Bu ajaýyp sene sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň kalbynda eziz Watanymyza buýsanjy has-da artdyrýar.
1-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä, şeýle-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene bir gezek subut edýär.
Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary aýratyn bellenmäge mynasyp. Geljekde köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen, zerur kanunçylyk namasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek nygtap, “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýany hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 29-njy martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi we onuň hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisi «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda» Karar kabul etdi. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň şu güni we geljegi hakyndaky ýadawsyz tagallalary göz öňünde tutulyp, täze döredilen gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy has-da buýsandyryjydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir.
Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen bu gazna Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň mekany hökmündäki abraýyny has-da belende göterip, ynsanperwerlik ýörelgesini dabaralandyrýar.,Hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek barada bimöçber aladalaryna şaýatlyk edýär.
Çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi milli kanunçylygyň möhüm ugrudyr. “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Häzirki döwürde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda çagalar üçin ençeme köşkler, çagalar öýleri, mekdep-internatlary gurlup, ulanmaga berildi.Türkmen telekeçileri tarapyndan gurluşygy giň gerimde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar merkezi gurulýar. Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr
Geçen ýylda, ýagny Garaşsyz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda Çagalary goramagyň halkara gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny giňden dabaralandyrmak hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilen özgertmeleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
“Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy” durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işler Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.
Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Olar hakyndaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň bagtyýar geljegine berk ynama ýugrulandyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, goý, bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülküsi hemişe belentden ýaňlansyn!
Ýurdumyzda öňdengörüjilikli we çuňňur oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasaty alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. - S.Owganow