Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Sahawatly toprak — rysgal-berekediň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ine, ýylyň başyndan başlap, eýýäm şu günki güne çenli Watanymyzyň önüm öndürijileri ykdysadyýetimiziň ösmegine goşantlaryny goşýarlar. Golaýda Arkadag Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly 5 welaýatyň ählisinde jemi 6 sany döwrebap ýyladyşhananyň açylyşyna ak pata berdi. Elbetde, şeýle ýyladyşhanalaryň birbada işe girizilmeginiň özi-de, hususy telekeçilige uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň biri — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhanadyr. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 4 gektar bolup, ýylda 1 gektardan 20—50 tonna gök we miwe önümlerini ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Ýyladyşhananyň müdiri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Myratdurdy Nazlyýew. Ýyladyşhananyň işe girizilmeginiň baş maksady ähli raýatlaryň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli gök önümler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün edilmegi, hususy pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy babatda hormatly Prezidentimiziň edýän uly aladalaryna mynasyp goşant goşmak bolup durýar.

Bu ýyladyşhanadan alynýan hasyly diňe ýurdumyzyň içerki söwda nokatlarynda ýerleşdirilmän, eýsem, daşary ýurtlara hem eksport etmek göz öňüne tutulýar. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet goldawynyň berilmegi, olaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri we ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalarynyň uzak möhletleýin karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha ösýändiginiň, içerki we daşarky sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artýandygynyň subutnamasydyr.

Biz hem TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri bilen bilelikde bu ýerde bolup, ýerli telekeçileriň arasynda wagyz-ündew işlerini yzgiderli alyp barýarys. Şeýle işlerde şu ýyl uludan belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de onuň dünýä ýüzüne ýaň salýan taryhy ähmiýeti hakynda aýratyn durup geçýäris. Ýyladyşhananyň agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.