Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Sanly Ulgam: Tiz wagtda amatly hem tygşytly

Bazar gatnaşyklaryna, sanly ulgama geçmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek döwlet syýasatynda ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Ykdysadyýete sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna deňleşmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bedew batly ösüşlerinde mynasyp zähmet paýy bolan milli telekeçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini bellemeli. Tizlik, amatlylyk, tyg- şytlylyk ýörelgelerinden ugur alýan işewürler bu günki gün döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, täze, innowasion tehnologiýalar esasynda iş alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösdürilmeginde işewürleriň uly goşandy bar. Häzirki wagtda halkymyzyň hyzmatynda bolan elektron töleg terminallarynyň, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän okuw kompýuterleriniň, gündelik ulanýan planşetlerimiziň türkmen telekeçileriniň önümleridigi buýsandyrýar. Türkmen işewürleriniň sanly ulgam, sanly çözgüt babatda alyp barýan işleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde hem giňden beýanyny tapdy.

Ýurdumyzda sanly düzümi ösdürmäge gönükdirilen kompaniýalaryň hatarynda «IT-Park» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Sanly ulgam», «Türkmen-tranzit», «Sanly tehnologiýa merkezi», «Imdat Elektronik» hususy kärhanalarynyň toplan tejribesi işewürligi innowasion esasda ösdürmekde möhüm ähmiýetlidir. «Berk ojak», «Türkmen berk metal» hususy kärhanalarynyň, «Hil standart» hojalyk jemgyýetiniň, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň bu tejribe esasynda işläp, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hususy telekeçileriň arasynda 2019-njy ýylyň jemi boýunça yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň «Innowasion tehnologiýalaryny we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öňdebaryjysy» diýen ugry boýunça ýeňiji bolandyklaryny bellemeli. Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna öz hyzmatlaryny hödürleýän hususy kärhanalaryň hatarynda «Türkmen-tranzit», «Sanly ulgam» hojalyk jemgyýetleriniň has tapawutlanýandygy buýsandyrýar .

«Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylda döredilip, häzirki zaman maglumat tehnologiýasynyň öňdebaryjy gazananlaryny ýurdumyza ornaşdyrýar. Ulgamlaýyn integrator hökmünde toplumlaýyn üpjünçiligi we dünýä boýunça öňdebaryjy öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamlaryny işe girizýär. Hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki iri kompaniýalaryň onlarçasy bilen hyzmatdaşlyk saklap, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalary pudagynda işleýän ýokary tehnologik kompaniýany döretmek taglymyny iş ýüzüne geçirmekde netijeli işleri alyp barýar.

«Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti resminamalaryň dolanyşygyny we býujeti dolandyryş ulgamyny girizmegi, internet dükanlarynyň web-sahypalaryny işläp taýýarlamagy, tehniki goldaw bermegi we internet torunda öňegidişligi gazanmagy, IT-hyzmatlarynyň toplumlaýyn çözgüdini, ulgamlaýyn integrasiýany, kiberhowpsuzlygy esasy ugur edinýär. Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynda oňa degişli ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyndan, suwdan we gazdan peýdalanmak üçin saýtyň we mobil goşundynyň içinden onlaýn hasaplaşygy tölemäge mümkinçilik berýän çözgüt durmuşa geçirildi. «Hasar» hojalyk jemgyýetinde süýji we konditer önümlerini öndürýän zawodda toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak boýunça döwrebap çözgüt işe girizildi. Korporatiw sahypa işlenip düzüldi. Gigiýenik serişdeleriň lomaý söwdasy boýunça ýöriteleşdirilen «Arassa önüm» hususy kärhanasyna söwdany we buhgalterçilik hasabyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak üçin häzirki zaman çözgütleri ornaşdyryldy. Olaryň sanawyna başga-da, «Belent», «Ynamly kepil», «Halkara audit», «Ak tam», «Akylly tilsimat», «Türkmen terminal» ýaly hususy kärhanalaryň onlarçasyny goşmak bolar.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işewürlige sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesi boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda döwlet tarapyndan ýurdumyzda hususyýetçiligi goldamaga aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlar pudagynda alyp barýan döwrebap iş usullary barada aýdyldy. Hünärmenleriň IT-tehnologiýalarynyň döwrebap usullarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylyşy, web-saýtlary döretmek baradaky çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar işläp düzen «Zehin», «Akylly şäher», «Akylly terminal» taslamalary bilen tanyşdyryp, maslahata gatnaşanlaryň beren sowallaryna anyk mysallar arkaly jogap berdiler.

Ýaş, zehinli hünärmenleriň onlarçasyny özüne birleşdirýän «Sanly ulgam» hojalyk jemgyýetiniň hem netijeli işlerini bellemek bolar. Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda maglumat tehnologiýalarynyň integratory hökmünde tehnologik goldawyň we işewürligi goldamagyň giň gerimli hyzmatlaryny hödürläp, sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Hünärmenler kompýuter we innowasion tehnologiýalaryň işi, programma üpjünçiliginiň gurluşy bilen baglanyşykly toplumlaýyn hyzmatlary amal etmek bilen, dürli taslamalarda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen «Akylly öý» taslamasy kiçi we orta telekeçiligiň köpugurly işinde möhüm ähmiýetlidir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny giňden belläp geçer. Ýurdumyzyň öňküden-de gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gözelleşmegi ugrunda amal edilýän beýik işler şanly senäniň uly zähmet ýeňişleri bilen garşy alynjakdygyny alamatlandyrýar.

Halkymyzyň parahat hem eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy. - Oguljeren Kazakowa