Sagdyn ýaşaýyş diýlende, ilkinji nobatda, göz öňüňe arassa howa, sahawatly topragymyzda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa, dermanlyk häsiýetli miweler gelýär. Şoňa göräde, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazary ýerli we ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak peçek» hususy kärhanasynyň agzybir işgärler toparynyň gazanýan zähmet üstünliklerini aýdylanlara aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.
Eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň hasda rowaçlanýan şanly ýylynda daýhançylyk tejribesi ýeterlik bolan işgärler topary kärhana döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 200 gektar ýer böleginiň 8 gektarynda islegli miwe bolan hurma baglaryny ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki wagtda hasyla duran hurmalardan oňat hasyl alynýar. Çünki kärhananyň hünärmenleriniň buýsanç bilen bellemeklerine görä, iş güni ir säherde miweli baglaryň ýagdaýyna gözegçilik etmekden başlanýar. Sebäbi bu baglardan bitginli hasyl almak üçin daýhançylyk kadalaryny berk berjaý etmegi başarmaly.
Ýeri gelende bellesek, hurma özüniň peýdaly mikroelementlere, witaminlere baýlygy we bejeriş häsiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar. Onuň ýyl geçdigiçe hasyllylygyny artdyrmagy bolsa bu ýerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilýändigini, topragyň yzygiderli ýumşadylmagyna, wagtly-wagtynda dökünlenmegine we suwarylyşyna aýratyn üns berilýändigini subut edýär.
Tebigatyň we ynsan zähmetiniň utgaşan ýeri bolan bu künjekde diňe bir hurmanyň däl, eýsem-de bolsa, ýylyň-ýylyna almanyň, armydyň, garalynyň, üljäniň we beýiniň hem bitginli hasyly ýygnalýar. Ýetişdirilýän miweleriň esasy artykmaçlygy olaryň dolulygyna tebigy esasda ýetişdirilip, ekologik taýdan arassa bolmagydyr. Bu bolsa içerki sarp edijileriň ter miwelere bolan islegini has-da artdyrýar, şol sanda olara gyş pasly üçin şerbetleri, mürepbeleri höwes bilen taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu günlerinde ýygnalýan miweler ýurdumyzyň ak bazarlaryna çykarylyp, müşderilere ýetirilýär. Hasylyň sarp edişden birbada artýan agramly bölegi bolsa döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen sowadyjy ammarlara ýerleşdirilýär. Döwrebap ammarlar ilatymyzy ýylyň islendik möwsüminde ter hem-de witaminlere baý miweler bilen bökdençsiz üpjün etmäge giň ýol açýar.
«Ak peçek» hususy kärhanasynyň agzybir işgärler topary gazanýan üstünlikleri bilen çäklenmän, geljekde miweli baglaryň hataryny has-da artdyrmagy, raýatlarymyzyň ter miwelere bolan barha ösýän isleglerini ýokary hilli önümler bilen doly kanagatlandyrmagy baş maksat edinýärler. Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy