Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mundan 18 ýyl ozal döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen döwürde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak senagat ugurly önümçilikler hereket edýär. Olar gurluşyk materiallaryny, dürli himiýa, plastik, metal, oba hojalyk we haly önümlerini, elektroenjamlary, öý harytlaryny, mebelleri öndürýän köpsanly kiçi we orta zawodlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda gurluşyk pudagy boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Häzirki wagtda gurluşyk işlerine ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, senagat kärhanalary, awtoulag ýollary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi ykdysadyýetimiziň milli ugrunyň, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni mäkäm tutan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýol gurluşygyny we jemagat hojalygyny, şäher düzümini ösdürmek, ýaşamak üçin oňaýly gurşawy döretmek ugrundaky tagallalaryň ählisi diňe gurluşyk pudagynyň paýyna düşýän möhüm wezipeleriň ujypsyzja bir bölegidir. Gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere diňe täze desgalary gurmak däl-de, eýsem, öňden bar bolan ýaşaýyş jaýlaryny, desgalaryny abatlamak işleri hem girýär. Munuň özi pudagyň işiniň geriminiň giňliginden habar berýär.
Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan peýdalanmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Maddy-enjamlaýyn kuwwaty berkidilende, pudagyň işiniň hil taýdan hem ýokary derejä çykýandygy göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu pudaga iň täze enjamlary oturtmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa diňe bir döwür bilen aýakdaş gitmegi üpjün etmek babatda däl, eýsem, dünýä tejribesini ýerlikli peýdalanyp bilmekde hem juda ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler bilen birlikde gurluşyk toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmek, şeýlelikde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada giňişleýin durlup geçildi. Şonda hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhananyň işe girizilip, gurluşyk pudagynyň binýadynyň has-da berkidiljekdigini, ýakyn wagtda bolsa ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda gadymy Lebap topragynda oba saglyk öýleriniň, merkezleriniň 50-den gowragynyň düýbüniň tutuljakdygyny, halkara derejeli onkologiýa merkezini, Kerki etrabynda etrabara köpugurly hassahanasyny gurmagyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şeýle-de gurluşyk toplumyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk wezipeleri kesgitledi. Bu wajyp wezipeler gurluşyk toplumynyň iş depginini çaltlandyrmak meselesiniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini sözüň doly manysynda açyp görkezýär.
Bedew bady bilen özgerýän döwrümizde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň işini ilerletmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylmak bilen, munda öňdebaryjy tejribä daýanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän bu işleriň ählisi hem halkymyzyň mundan buýana-da abadan, asuda, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlen ýörelgeden gelip çykýan beýik maksat bardyr. Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň oňyn miwelerini gurlup, ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýlaryny, gelin, bäbek toýlaryny toýlaýan halkymyzyň bagtyýarlygynda görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyrynda bedew bady bilen ynamly gadam urup, ösüşleriň täze belentliklerine galýar. Beýik işleriň, uly tutumlaryň, döredijilikli zähmetiň egsilmez ruhy bilen görklenýän täze taryhy döwrüň her güni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenýär. Gurulýan täze şäherdir obalarymyz, zawod-fabrikler, dürli desgalar amala aşyrylýan beýik işleriň netijesidir.
Zerhal NARMÄMMEDOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.