Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri çäreleriň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda hemde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan tarapyndan ulaglogistika hyzmatdaşlygyny ilerletmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere üns çekildi. Çözülmegi oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri talap edýän, köp döwletler üçin möhüm ähmiýetli bolan bu ugur boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde wajyp ädimdir
Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan häzirki zaman meýilleriniň seljermesi ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, täze üstaşyr ulag merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlar goýulýar. Bu işleriň ählisi ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depgininiň tapawutly bolmazlygyny kepillendirýär. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna düşünmek bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen sebit hemde yklym ähmiýetli iri taslamalary öňe sürüp, olary bilelikde amala aşyryp, döwrebap ulag düzümlerini döretmäge uly ähmiýet berýär.
Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda döwlet Baştutanymyz: «Möhüm logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Bu bolsa Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar» diýip belledi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyz tarapyndan ileri tutulýan wezipeleriň bäşisine ünsi çekip, şolaryň hatarynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna täze itergi bermek, Merkezi Aziýany we Azerbaýjany yklymda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika, energetika we senagat geçelgeleriniň esasy we möhüm gаtnaşyjylaryna öwürmekde tagallalary birleşdirmek wezipeleriniň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we halkara giňişlikde iri üstaşyr-ulag merkezi hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny görkezýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, has takygy, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzy halkara ulag gatnawlarynyň iň möhüm merkezleriniň birine öwürýär. Döwletimiz tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän ulag-logistika syýasaty dünýä derejeli we kämil infrastrukturanyň kemala gelmegine şert döretdi. Häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýollary, demir ýollar, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we döwrebap howa menzilleri ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ençeme esse artdyrýar. Döwletimiziň bu pudaga berýän yzygiderli goldawy, salgyt we gümrük ýeňillikleri, şeýle hem kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi halkara ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň weAzerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki wagtda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika baglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek hem-de olara doly derejeli mazmun bermek möhümdir diýip hasaplaýaryn. Şunda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler diýen düşünjeden ugur alýarys» diýip bellemegi ýurdumyzyň sebit we halkara derejeli gatnaşyklarda dostluk, hoşniýetlilik, ählumumy bähbitleriň deňligi ýörelgelerine berk eýerýändigini tassyklaýar.
Şu ýerde sebit ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy hökmünde Hazar deňzine ähmiýetli ornuň degişlidigini aýratyn nygtamalydyrys. Hazar häzirki wagtda köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Şundan ugur alsak,Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» hökmünde Ýewropa weAziýa ýurtlarynyň arasyndaky iň amatly deňiz ýollarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz DöwletleriňArkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna üns çekildi. Bu başlangyç ýurdumyzyň durnukly aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegi maksat edinýändigini, hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini öňe sürýändigini subut edýär. Has takygy, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy zynjyry hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar.
Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berýär.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy