20-nji oktýabrda Aşgabat şäheri ýene-da bir gezek sebitara dostlugyň, medeni hyzmatdaşlygyň we möhüm ynsanperwer başlangyçlaryň merkezine öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy we olaryň gatnaşmaklarynda geçirilen «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy diňe bir medeni waka bolman, eýsem, doganlyk halklaryň umumy ösüş, ekologiýa abadançylygy we ýaş nesli terbiýelemek ugrundaky tagallalarynyň binýadyny berkitdi.
Doganlyk ýurtlaryň haýyr-sahawat gaznalarynyň we ýokary derejeli zenan ýolbaşçylarynyň bu asylly başlangyçda birleşmegi ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açýar.
Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy milli derejede çagalaryň saglygyny goramak we olara durmuş hemaýatyny bermek bilen bir hatarda, halkara giňişlikde hem belent ynsanperwerlik ýörelgelerini işjeň dabaralandyrýan iri merkeze öwrüldi. Bu gaznanyň alyp barýan giň möçberli işleri diňe bir ýurdumyzyň goldawa mätäç körpelerine umyt paýlaman, eýsem, sebitde we dünýäde dostluk hem-de duýgudaşlyk köprülerini berkidýär. Gaznanyň howandarlygynda guralýan halkara çäreler, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer we bilim taslamalary durnukly ösüşe, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegine gönükdirilendir.
Şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly haýyr-sahawat edaralary, şol sanda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy we Özbegistanyň degişli edaralary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ynsanperwer diplomatiýanyň taryhy ornuny belent basgançaga çykarýar.
Ýokary derejede geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikler doganlyk türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň köpasyrlyk köklerine, umumy ruhy we medeni gymmatlyklaryna esaslanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Gepleşikleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ynsanperwerlik we ekologiýa ugurlary boýunça öňe sürýän ählumumy başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda her ýylyň güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi hem-de çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek boýunça öňe sürülýän teklipler ählumumy durnuklylyga uly goşantdyr. Şol bir wagtyň özünde, çagalaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, olaryň kalbynda tebigata bolan söýgini we jogapkärçiligi kemala getirmek haýyr-sahawat gaznalarynyň esasy maksatlarynyň biridir.
Bu taryhy duşuşyk sebitde täze ekologik diplomatiýanyň düýbüniň tutulýandygyny görkezdi. Çünki tebigaty goramak geljekki nesillerimize galdyrjak iň uly baýlygymyzdyr.
Sungat arkaly tebigata bolan söýgini oýarmak we halklaryň dilini, medeniýetini asylly maksadyň töwereginde birleşdirmek — sebitara durnuklylygyň we halklaryň arasyndaky özara ynamyň täze binýadydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda guralan halkara sergi köptaraplylygy we çuňňur mazmuny bilen tapawutlandy. Sergide ýerleşdirilen suratkeşlik hem-de dizaýnerlik işleri diňe bir tebigatyň täsirli gözelligini we ajaýyp keşbini däl, eýsem, adamyň daşky gurşaw bilen özara sazlaşykly ýaşamak zerurlygyny hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň möhümdigini çeper sungatyň dilinde belentden dabaralandyrdy. Bu sergi sungatyň serhet bilmeýän birleşdiriji güýjüni ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Gözelligi synlamak we tebigy baýlyklara aýawly garamak duýgularyny döredijilik arkaly ýaş nesliň kalbyna siňdirip bilmek — bu ekologik medeniýeti ýokarlandyrmagyň iň täsirli we ruhy ýoludyr. Sergide görkezilen her bir eser diňe bir gözellik paýlaman, eýsem, jemgyýetiň, hususan-da, ösüp gelýän ýaşlaryň ünsüni tebigatymyzyň geljegine, ekologiýa durnuklylygyna hem-de planetamyzy arassa saklamaga çagyrýan özboluşly ruhy çakylyk bolup ýaňlandy.
Mahlasy, bu halkara wakalar, birnäçe möhüm ugurlar boýunça geljege gönükdirilen binýady berkitdi. Arassa daşky gurşaw çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň ilkinji şertidir. Serginiň galdyrýan täsiri ýaşlarda tebigaty goramak hem-de onuň gözelligine hormat goýmak endiklerini ýokarlandyrýar. Şunlukda, doganlyk ýurtlaryň hyzmatdaşlygy täze bilelikdäki taslamalara hem-de tejribe alyşmalara giň ýol açýar.
30-njy noýabra çenli dowam etjek «Ene tebigat» halkara sungat sergisi tebigat bilen adamyň sazlaşygyny, geljege bolan jogapkärçiligi we halklaryň dostlugyny dabaralandyrýan taryhy waka hökmünde ýatda galar. Tebigaty goramak — geljegi goramakdyr, bu ugurda amala aşyrylýan bu beýik işler bolsa ertirki nesillerimiziň abadançylygyna, parahatçylygyna we dostlukly dünýäsine goýulýan iň gymmatly ruhy binýatdyr.
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri