Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • Beýik başlangyçlar — bagtyýarlygyň binýady

    Hor...

  • MILLI YKDYSADYÝETIŇ BINÝADY

    Döwlet...

  • TÄZE ÖNÜMÇILIK KÄRHANASY

    Hor...

  • ULAG-LO­GIS­TI­KA UL­GA­MY: DUR­NUK­LY ÖSÜ­ŞIŇ BÄH­BI­DI­NE TA­GAL­LA­LAR

    Ulag ul­ga­my...

  • SEBIT DOSTLUGYNYŇ TÄZE BASGANÇAGY

    20-nji...

  • Dowamy

TÄZE ÖNÜMÇILIK KÄRHANASY

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady strategiýasynda hususy pudagy goldamak, içerki bazarda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. 24-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň süýdi gaýtadan işleýän döwrebap kärhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu ugurdaky işleriň rowaçlanmagyna mynasyp goşantdyr.

Işewürleriň öz gurluşykçylary tarapyndan bina edilen önümçilik desgasynyň umumy meýdany 3,5 gektara barabar bolup, onuň 2 gektar ýerinde esasy önümçilik binalary ýerleşýär. Kärhananyň çäginde öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalary, hususan-da, Germaniýanyň we Türkiýäniň dünýä belli öndürijileriniň iň täze we ýokary hilli innowasion enjamlary giňden ornaşdyrylandyr. Bu tehnologik ulgamlar kärhana ýylda 50 müň tonna çig süýdi doly we galyndysyz gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Kärhanada önümçiligiň sazlaşykly hem-de üznüksiz işlemegini gazanmak maksady bilen, her gün 140 — 150 tonna barabar sygyr süýdüni kabul etmek we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.

Täze desganyň binalar toplumynda diňe bir önümçilik sehleri däl, eýsem, işgärler we dolandyryş ulgamy üçin hem ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen birlikde, toplumyň çäginde ýörite edara binasy, dünýä standartlaryna laýyk gelýän we ýokary takyklykda işleýän tehnologik barlaghana, kömekçi binalar we taýýar harytlaryň 380 tonnasyny terligine saklamaga niýetlenen uly sowadyjy ammar göz öňünde tutulandyr. Kärhananyň döwrebap barlaghanasynda öndürilýän önümleriň hili, tagamy, düzümi we ekologiýa taýdan arassalygy tejribeli hünärmenler tarapyndan yzygiderli we pugta gözegçilikde saklanylar. Bu bolsa ýerli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrar.

Täze kärhanada ýylda dünýä standartlaryna we iň ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän önümler öndürilip, halk köpçüligine ýetiriler. Bu ýerde 3 müň tonna gury süýt, 1 müň 50 tonna ýokary hilli mesge ýagy, 8 müň tonna dürli görnüşli süýt we süýt önümleri, şol sanda gatyk, gaýmak hem-de süzme önümleri, 1 müň tonnadan 1 müň 500 tonna çenli aralykda dürli görnüşli peýnirler hem-de 10 müň tonna barabar doňdurma önümleri öndüriler. Bu önümçilik meýilnamasy ýurdumyzyň sarp ediş bazaryny doly üpjün etmäge we import harytlarynyň ornuny tutmaga ýardam berer.

Bellenilip geçilmeli iň möhüm tehnologik we ykdysady aýratynlyklaryň biri-de, bu döwrebap toplumyň ekologiýa taýdan arassa gury süýt önümçiligi boýunça ýurdumyzda amala aşyrylan ilkinji hem-de iň uly taslama bolmagydyr. Innowasion sanly ulgamy we awtomatlaşdyrylan iş usullary boýunça bu kärhana diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk senagat desgasydyr. Kärhananyň ähli önümleriniň diňe ýerli, tebigy we arassa çig maldan öndürilýändigi sebäpli, taýýar harytlar içerki bazarda has amatly we durnukly bahalardan sarp edijilere hödürlener. Şeýle hem bu ägirt uly taslama ýokary hilli gury süýdüň öz içerki zerurlyklarymyzdan artan bölegini eksport etmäge mümkinçilik berer.

Döwrebap kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, 300-den gowrak iş orny döredildi. Bu ýerde zähmet çekýän işgärler we hünärmenler üçin ähli şertler — döwrebap zähmet we dynç alyş otaglary, ýokary hilli naharhana, durmuş desgalary doly göz öňünde tutulyp, olar ýörite egin-eşiklerdir aýakgaplar bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçin bu ýerde önümçilik we tejribe okuwlaryny geçmäge hemme zerur şertler döredilendir. Munuň özi bilim bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da berkitmäge ýardam edýär.

Önümçiligiň çig mal binýadyny ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, kärhana tarapyndan ýurdumyzyň iri maldarçylyk hojalyklary, daýhan birleşikleri we hususy telekeçiler bilen uzak möhletleýin özara bähbitli şertnamalar baglaşylar. Şeýle hem ýerli ilatdan yzygiderli süýt satyn alynmagy giňden ýola goýlar. Munuň üçin häzirki wagta çenli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýörite sowadyjylar hem-de barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilen täze süýt kabul ediş nokatlarynyň 50-si döredildi. Şonuň bilen birlikde, geljekde çig mal binýadyny has-da giňeltmek maksady bilen, Mary etrabynyň çäginde ýylda 500 tonna süýt we 100 tonna ýokary hilli et öndürmäge ukyply bolan täze iri maldarçylyk toplumynyň gurluşyk işleri hem dowam etdirilýär.

Hususy pudagyň we milli senagatyň ösmegine goşant goşjak bu täze süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we importyň ornuny tutýan önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Ýurdumyzda hususy pudagyň ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy