Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • Beýik başlangyçlar — bagtyýarlygyň binýady

    Hor...

  • MILLI YKDYSADYÝETIŇ BINÝADY

    Döwlet...

  • TÄZE ÖNÜMÇILIK KÄRHANASY

    Hor...

  • ULAG-LO­GIS­TI­KA UL­GA­MY: DUR­NUK­LY ÖSÜ­ŞIŇ BÄH­BI­DI­NE TA­GAL­LA­LAR

    Ulag ul­ga­my...

  • SEBIT DOSTLUGYNYŇ TÄZE BASGANÇAGY

    20-nji...

  • Dowamy

MILLI YKDYSADYÝETIŇ BINÝADY

Döwlet tarapyndan hususy işewürlige döredilýän amatly şertleriň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda önjeýli zähmet çekýärler. Oba hojalygy azyk senagaty; dokma, gurluşyk, himiýa, hyzmatlar, logistika we beýleki pudaklarda täze kärhanalaryň döredllmegi müli ykdysadyýetimiziň önümçüik binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kiçi we orta telekeçüigi ösdürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 72,9 göterime ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Bu görkeziji hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetdäki omunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Hususy pudagy ösdürmek diňe täze kärhanalary döretmek bilen çäklenmeýär, eýsem, olaryň önümçüik kuwwatyny artdyrmagy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, täze bazarlary özleşdirmegi we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi üçin zemr şertleriň döredümegi hem bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki wagtda hususy başlangyçlaryň ösdürümegine, önümçlik kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze iş orunlarynyň döredümegine uly ähmiýet berilýär. Telekeçüeriň önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirümegi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine hem täsir edýär. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi ýerli çig maldan peýdalanmaga, goşmaça önümçüik kuwwatlyklaryny döretmäge we ilatyň dürli harytlara bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda telekeçüeriň mümkinçüikleri barha giňeldüýär. Ýerli önümçüigiň ösdürilmegi bir tarapdan, içerki bazaryň zerur harytlar büen üpjünçiligini gowulandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, milli önüm öndürijileriň tejribesiniň we önümçüik kuwwatynyň artmagyna şert döredýär. Önümçüikde täzeçil çemeleşmeleri ulanmak, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek möhüm şert bolup durýar. Bu ugurda dokma senagatynyň mümkinçilikleri aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda öndürüýän taýýar dokma önümleriniň möçberiniň artmagy we olaryň daşary ýurt bazarlaryna iberilmegi milli önümçiligiň eksport kuwwatynyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Eksport-import amallarynyň netijeliligi diňe öndürilýän önüme däl, eýsem, onuň sarp edijä öz wagtynda we howpsuz ýetirilmegine hem baglydyr. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça baý mümkinçiliklere eýedir. Deňiz, demir we awtomobil ýollarynyň utgaşykly ösdürilmegi ýurdumyzyň söwda-logistika mümkinçilikleriniň giňelmegine şert döredýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň artmagy, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň giňemegi we eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny görkezýär.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri