Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TARYHY DÖWRÜŇ BEÝIK IŞLERI

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dürli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Döwlet berkararlygymyza eýe bolan ýyllarymyzdan bäri geçen taryhy döwürde Türkmenistan dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde giňden tanaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilmegi netijesinde gysga wagtyň içinde hususy pudagyň işi halkara derejede belent ykrarnama eýe boldy. 2008-nji ýylyň mart aýyndan bäri ýurdumyzyň hususy pudagynyň işi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öz giň gerimli işlerini ýaýbaňlandyrdy. Sanlyja ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň 72 göterimden gowragy hususy pudagyň paýyna degişli boldy. Döwletimizde kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde hususy pudagyň işini üstünlikli ýola goýmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän birnäçe işler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde erkin senagat zolaklarynyň döredilmegi hususy pudagyň işiniň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döretdi. Döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri dürli ugurlarda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüne häzirki wagtda müňlerçe telekeçini birleşdirýär. Hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan goldaw bermek, olary uzak möhletli karz serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hereket edýär. Türkmen telekeçileriniň ýurdumyzyň durmuşynda tutýan jemgyýetçilik ornuna hem ýokary baha berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2012-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi türkmen telekeçileriniň buýsanjyny has-da artdyrdy. Islendik döwletiň ösüşi ylymly, bilimli ýaşlar bilen aýrylmaz baglydyr. Şeýle hem dürli ugurlardan ýaş hünärmenleri kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu bolsa hususy pudagy ösdürmäge goşant goşjak kämil hünärmenleriň ýüzlerçesiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän işleriniň hatarynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň türkmen telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilendigini buýsanç bilen bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşmak ruhy bilen döredijilikli işleýän we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barýan telekeçiler Daşoguz welaýatynda sanardan kän. Şolaryň hatarynda «Altyn gala gurluşyk», «Şabat», «Hilal», «Kaşaň bina», «Altyn tug», «Ykjam bina», «Sekiz ýyldyz», «Dört diwar», «Atalyk gurluşyk», «Ynsan kalby», «Aýdyň güneş», «Ak durna», «Sadaja», «MFT» haryt nyşanly, «Türkmen çarwa» hususy kärhanalary bellemek bolar. Bu hususy kärhanalaryň agzybir işgärleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işjeň agzalary bolup durýarlar. Olaryň netijeli we döredijilikli zähmeti netijesinde ilatymyzyň azyk, gurluşyk we beýleki dürli gök-bakja önümlerine bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat-goldawlary bilen türkmen telekeçileri gaýtadan işleýän senagatda hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli harytlar bazar bolçulygynyň üpjün edilmegine we ilatyň islegleriniň kanagtlandyrylmagyna ýardam etdi. Döwrüň beýik ösüşleri bilen galkynýan telekeçiler ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatyndaky işleri hem netijeli ýola goýýarlar. Olaryň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde dürli pudakda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy ilata köp babatda uly ýeňillikleri döretdi. Şolaryň hatarynda elektron söwdanyň ýola goýulmagy, elektron marketleriň, elektron söwda merkezleriniň hereket etmegi hususy pudagyň öndürýän önümleriniň ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagyna mümkinçilik berýär. Telekeçileriň arasynda bolanyňda, olar döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize özleriniň sagbolsunlaryny beýan edýärler. Biz hem şu pursatda halkymyzyň baky bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy bedew batly ata Watanymyzda uludan toýlanýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, her bir güni toý-baýramly eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşsyn.

Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.