Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN TELEKEÇILERINIŇ ÜSTÜNLIKLERI WE IŞEWÜRLIKDE ÇAGALAR PUDAGYNYŇ ÖSÜŞI

Häzirki wagtda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürýän milli senagaty ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hem paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkalarydyr. Olarda türkmen telekeçileri öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge mümkinçilik alýarlar. Düýn — 19-njy awgustda paýtagtymyz Aşgabatda şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň işine badalga berildi. Sergi-ýarmarka ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň 100-e golaýy, daşary ýurtlardan 30 çemesi kompaniýanyň we guramanyň wekilleri gatnaşýar. Maşgala baýramçylygyny ýada salýan işewürlik we dynç alyş çäresiniň açylyşy ýokary ruhubelentlige beslendi. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, köp sanly işewürler we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekany — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanylýan çagalaryň döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýandygy bellenilip, «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň asylly däbe öwrülip, ýurdumyzda her ýyl giň gerim bilen guralmagynyň hem munuň aýdyň manysydygy nygtalýar. Şeýle hem bu iri möçberli sergi-ýarmarkanyň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalaryna öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirilýär. Bu halkara sergi-ýarmarka ýerli işewürlerimize öz öndürýän harytlaryny, hyzmatlaryny we täze taslamalaryny giňden tanyşdyrmaga, dünýä tejribesini öwrenmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmen telekeçileri bu abraýly sergi-ýarmarkasyna ýokary derejeli taýýarlyk bilen gatnaşyp, çagalar üçin niýetlenen önümçiligiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýärler. Olaryň arasynda çagalar üçin egin-eşikleri, aýakgaplary, oýunjaklar, ýörite çagalar mebelleri we dürli hyzmatlar boýunça ýerli haryt öndürijilerimiziň orny uludyr. Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri tarapyndan döredilen çagalar egin-eşik brendleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen mynasyp bäsleşýär. Sergide görkezilýän milli öndürijilerimiziň egin-eşikleri ekologik taýdan arassa, çaganyň saglygy üçin howpsuz hem-de ýumşak matalardan taýýarlanylýar. Olaryň owadan bezegi, milli nagyşlar bilen häzirki zaman moda terzlerini utgaşdyrmasy ene-atalaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Şeýle hem mekdepler we çagalar otaglary üçin niýetlenen ýerli önümçilikdäki mebeller aýratyn ünsi çekýär. Häzirki zaman işewürlerimiz çagalaryň howpsuzlygyny, amatlylygyny we oýun meýdançalaryny göz öňünde tutup, köpugurly, owadan reňkli we çydamly mebelleri öndürýärler. Ýatylýan ýerler, okuw oturgyçlary we oýun burçlary üçin niýetlenen bu mebeller çaganyň gündelik durmuşyny has-da gyzykly we oňaýly edýär. Halkara sergi-ýarmarkasy diňe bir haryt sergisi bolman, eýsem, täzeçil bilim we terbiýeçilik taslamalarynyň tanyşdyrylyş meýdançasydyr. Türkmenistanyň telekeçileri çagalaryň zehinini ýüze çykarmaga, aň-paýhas taýdan ösdürmäge we olaryň asuda dynç alşyny guramaga gönükdirilen taslamalary yzygiderli işläp düzýärler. Hususan-da, çagalar üçin okuw merkezi hyzmatlary, dil öwreniş okuwlary, robototehnika we programmirleme gurnaklar, döredijilik studiýalary ýaly ugurlarda ýerli telekeçileriň başlangyçlary öňe sürülýär. Bu taslamalar çagalaryň irki ýaşdan döwrebap tehnologiýalar, ylym we sungat bilen gyzyklanmagyna, olarda logiki pikirlenmegiň we erkin garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär. Şeýle hem milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemäge niýetlenen çagalar kitaplary, elektron oýunlar we okuw gollanmalary hem sergide uly gyzyklanma döredýär. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna türkmen telekeçileriniň gatnaşmagy diňe bir önümleri mahabatlandyrmak bilen çäklenmeýär. Bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak, täze şertnamalary baglaşmak we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin amatly şertler döreýär. Ýerli işewürler dünýä bazaryndaky talaplary öwrenip, öz harytlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik alýarlar. Netijede, türkmen telekeçileriniň çagalar üçin niýetlenen önümçilikleri hem-de bilim-terbiýeçilik taslamalary ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän uly aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre ýerli işewürligiň kuwwatyny görkezmek bilen birlikde, geljekde hem hususy pudakda çagalar bilen bagly ugruň yzygiderli ösjekdigine we ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam döredýär. Türkmen işewürleri özleriniň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.