Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK - BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ SYNMAZ SÜTÜNI

Garaşsyzlyk ata Watanymyz Türkmenistany arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi. Eziz Diýarymyz häzirki wagtda bütin dünýä üçin abadançylyk hem-de ösüş ýollaryny gurýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ösdürmek boýunça ençeme döwletli işler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen üstünlikli ösdürilip, döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlap, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. 

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Biz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alan milli däp-dessurlaryna, dinine-ýörelgesine, diline, medeniýetine eýe bolduk. Bu mukaddes gymmatlyklary goramak, ösdürmek, özümiz bilen öňe alyp gitmek, geljek nesillerimize ýetirmek, nesillerimizi şu ruhda terbiýelemek mümkinçiligine eýe bolduk. Biziň Garaşsyzlyk gazanmagymyzyň manysy hem, Bitaraplyga eýe bolmagymyzyň manysy hem şundadyr» diýip belleýär. Dogrudan-da, halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllary ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren başga-da ençeme giň gerimli işler amala aşyryldy.

Garaşsyzlyk halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini biri-birine berk baglaýan düşünjedir. Ol ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap özbaşdak döwlet gurmak hakynda gursagynda göteren arzuw-islegleriniň wysaly, döwletimiziň häzirki ösüşleriniň berkararlyk binýady hem gözbaşydyr. Şoňa görä-de, özbaşdaklygyň ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoluny kesgitlän ýurdumyz döwrüň talabyna laýyklykda özgertmeleriň giň toplumyny amala aşyrdy. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we halkymyzyň abadan geljegini üpjün etmek ugrunda täze senagat kärhanalary guruldy hem-de hususyýetçilige giň ýol açyldy. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda telekeçilik ulgamy ägirt uly ösüş ýoluna gadam basdy. 

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen mümkinçilikler häzirki wagtda giň gerimli senagat taslamalarynyň, eksport ugurly önümçilikleriň, döwrebap hyzmatlar ulgamynyň düýp esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady strategiýanyň özeninde döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny döretmek durýar. Telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen döwlet maksatnamalary, ýeňillikli karz serişdeleri, maýa goýum taslamalary we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrma çäreleri ýaş telekeçileriň döremegine hem-de olaryň bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik döredýär. 

Ýeri gelende, ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki wagtda Watanymyzda müňlerçe adamy iş bilen üpjün edýändigini, täze önümçilikleri döredýändigini, ýerli çig mallardan ýokary hilli önümleri öndürýändigini bellemek gerek. Çünki ata Watanymyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Oba hojalygynda, azyk senagatynda, dokma pudagynda, gurluşykda, senagatda, syýahatçylykda we beýleki ugurlaryň ençemesinde hususy pudagyň paýy yzygiderli artýar. Şoňa görä-de, bu günki günde «Türkmenistanda öndürilen» belgili ter miweler, gök-bakja önümleri, süýt we süýt önümleri, şöhladyň dürli görnüşleri, halkara hil ölçeglerine doly laýyk gelýän konditerler, şol sanda gurluşyk, senagat, hojalyk harytlary we beýlekiler dünýäniň onlarça döwletine ugradylyp, daşarky bazaryň ýokary hyrydarlygyndan, uly isleginden peýdalanýar. Munuň özi ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, dünýä bazarynda ýerli önümlerimiziň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklarda özüni parahatçylyk söýüjilik hem parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde tanadan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitiň ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi, şeýle-de bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak taglymlaryny ilerletmek boýunça işjeň çykyş edýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň işewürleri dünýä we sebit döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk esasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge-de işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de döwletimiz hususy telekeçileri halkara sergilerde we forumlarda çykyş etmäge höweslendirýär. Bu halkara işewür çärelerde türkmen önümleri ýokary baha mynasyp bolup, hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylýar we türkmen önümleriniň eksport geografiýasy gitdigiçe artdyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara işewür, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly işjeňleşdirilmegi ýurdumyzda hususy pudagyň işiniň has-da ilerlemegine ýardam berýär. 

Jemläp aýdanyňda, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň ählisi agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işlerden gözbaş alýar. Edil uzak geçmişde bolşy ýaly, bu günki gün türkmen döwleti — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösüşine öz ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýär, adamzat üçin abadan durmuşyň iňňän ýokary nusgasyny berýär. Biziň häzirki ajaýyp döwrümiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýan we Türkmenistan döwletimiziň belent ösüşleri nazarlaýan eýýamydyr, dünýä içre ykrar edilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesi bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürdir. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýadydyr. 

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.