Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

NURANA GELJEGI NAZARLAÝAN BAŞLANGYÇLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk hem işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ençeme Kararnamanyň kabul edilmegi bu abraýly gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň güwäsidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly täze Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrülip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna uly ruhubelentlikde barylýan günlerde kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlady.

Bitarap Watanymyzyň nobatdaky diplomatik üstünligi bolan şanly waka ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr» diýip belleýär. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri agzadyr. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitdi. Munuň şeýledigini bu iri halkara gurama tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi hem aýdyň tassyklaýar.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli mejlisinde eden taryhy çykyşynda dünýäde ýüze çykýan meseleleri umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda çözmek, halklaryň we döwletleriň jebisligini hem-de parahatçylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürdi. Deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Kararnamanyň awtordaşy bolup 78 döwletiň çykyş etmegi bu başlangyjyň halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik däplerinden gözbaş alýan, bütin adamzadyň nurana geljegini nazarlaýan daşary syýasatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz guramanyň agzalan mejlisinde halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen birlikde, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyny-da hödürledi. Bu Kararnamanyň hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda kabul edilmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatyna möhüm ähmiýet berýär. Bu başlangyjyň düýp özeni Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş eden Türkmenistanyň birnäçe ýyl öňe süren teklipleriniň esasynda emele geldi. Bitaraplyk syýasaty halklaryň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak hem esasy wezipeleriň biridir. Şunda ynanyşmak kodeksi ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, dünýä meselelerini bilelikde çözmäge we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri arkaly gatnaşyklary ýola goýmaga esas bolup hyzmat eder. Bu kodeksiň işlenip taýýarlanylmagy Ýer ýüzüniň abadançylygynyň bähbidine oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň biri hem «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek başlangyjydyr. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleri özara ynanyşmagyň hem-de parahatçylygy ýörelge edinmegiň kämil nusgasyny döretdiler. Şunda bu möhüm ähmiýetli forum halkara we sebit derejesinde parahatçylykly ýaşaýşyň abadançylyga we gülläp ösüşe ýetirýändigini subut etmekden ybaratdyr. Ýeri gelende bellesek, sebit ýurtlarynyň bu formatda alyp barýan işleri soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirildi. Munuň netijesinde bolsa dürli ugurlarda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk täze hil derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurda gazanýan üstünlikleri, ýokary görkezijileri muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halklar dost-dogan bolup, parahatçylykda ýaşanda, durmuş gülleýär, ykballar galkynýar.

Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamyna degişli birnäçe Kararnamanyň kabul edilendigini hem bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýokary derejeli halkara forumda öňe süren başlangyçlarynyň biri-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek başlangyjydyr. Munuň özi durnukly ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge we ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasy, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy hem möhüm ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkeziniň döredilmegi derwaýys meselä ylmy taýdan çemeleşmäge we bu babatda halkara tejribäni öwrenmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň gözbaşynda halkymyzyň dost-doganlyk, netijeli hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly döwletli ýörelgeleri durýar.

Ýeri gelende, döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hem işlenip taýýarlanylandygyny nygtamak gerek. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýar. Derwaýys pikirleriň, umumy konseptual garaýyşlaryň dowamlylygyny özünde jemleýän bu resminama dünýä ösüşiniň esasy ugurlary boýunça birnäçe täze, derwaýys teklipleri öz içine alýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde hoş habarlar, ajaýyp wakalar berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny we öňe sürýän başlangyçlarynyň belent ykrarnama eýe bolýandygyny, ata Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Bu döwletli ýolda halklaryň dost-doganlygy, dünýäniň parahatçylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Haldurdy AMANTAGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Gubadag etrap komitetiniň başlygy.