Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI ÝÖRELGELER HALKYŇ BÄHBIDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň «Galkynyşy döwri Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän beýik işleri bilen barha rowaçlanýar. Her bir ynsanyň bagtyýar geljegine gönükdirilen döwlet bähbitli oňyn başlangyçlar milli ýörelgelere esaslanýar.

Parahat, asuda Watanda ene hüwdüsiniň, perzent gülkisiniň ýaňlanýan ýurdunda, güneşli ülkämizde halkymyzyň köpasyrlyk arzuwlary, medeni mirasy dünýä bileleşiginde özboluşly orny eýeleýär.

Milli galkynyşyň berk binýady bolan Garaşsyzlyk ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş ykdysady maksatnamalarynyň belent sütünidir. Halk bähbitli eziz diýarymyzyň beýik ösüşlerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary, ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Garaşsyzlyk söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer  hereketleri işjeňleşdirýär. Uzak möhletli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Döwletli tutumlara badalga bolan Garaşsyzlyk halka daýanyp, döwletli tutumlara aýratyn köpri gurýar. Milli buýsanjyň çeşmesi bolan Garaşsyzlyk taryhy wakalaryň, kabul edilýän il-ýurt bähbitli çözgütleriň ähmiýetini Halk Maslahaty bilen sazlaşykly dolandyrýar. 

Garaşsyzlyk-halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesi, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň  her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.

Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamansyna buýsanýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar.

Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistan  ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň geljekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, ylmy-bilim, medeni we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy milletimiziň kalbyna özboluşly milli ösüşe eýe bolan ýüzüni kemala getirdi. Müňýyllyk taryhly halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda abraýly halkara guramalary bilen netijeli işleriň alnyp barylmagy bolsa Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň Zemin içre meşhurlygyny barha artdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň; «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar» diýmegi ynsanperwerlik dost-doganlyk ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Sebitdäki okgunly ösüşiň aýdyň ýoluny kesgitlemeke Garaşsyzlyk, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  «Watan diňe, halky bilen Watandyr! Döwlet diňe, halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryny ýörelge edinýär. Asylly ýörelgeleriň rowaçlygy bolan Garaşsyzlyk, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti işjeňleşdirmekde milli demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, döwletli çözgütleri çözmekde, ruhy gymmatlyklary öz içine alýar, milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmekde köňülleri, ýürekleri birleşdirip mizemez türkmen döwletiniň binýadyny gurýar. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetimizi ösdürmekde, döwlet ähmiýetli wezipeleri halk bilen geňeşmekde pähimdar pederlerimiziň, merdana ata-babalarymyzyň asylly, ynsanperwer ýörelgelerine, döwletlilik däplerine eýerip, Watanymyzyň ähli ugurlaryna dahylly bolan taryhy çözgütlere uly orun berýär. Demokratiýanyň, agzybirligiň asudalygyň, jebisligiň kämil nusgasy bolan takyklygyna, sazlaşygyna bitewüligine giň ýol açýar. 

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda, halkyň isleglerine we dünýä ösüşiniň ýörelgelerine belent hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, maksatlary rowaç bolup, şan-şöhraty äleme ýaýylsyn!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.