Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BAŞ BAÝRAMA BEÝIK ÜSTÜNLIKLER BILEN

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileri üçin hem bedew batly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gysga döwürde gazananlary hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi hem orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk binýady berkidilip, «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Esasy Kanunymyzyň «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly VII bölüminde: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilmegi hususy pudagyň ösüşlerine giň ýol açýar. Onuň 47-nji maddasynda her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy kepillendirilýär.

Üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde-de telekeçiligi ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris» diýip bellemek bilen, döwletimiziň «altyn gaznasy» hasaplanýan telekeçilik ulgamynyň goldanjakdygyny nygtady. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz tarapyndan berilýän şeýle ýardamlaryň netijesinde, telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň sany artyp, döwrebap önümler ilata hödürlenýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan edýän we goraýan, döwletimizde telekeçiligiň ösmegine goldaw berýän, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki hem-de ýuridik şahslary birleşdirýän, bedew batly ösüşler ýolunda olaryň tagallalaryny utgaşdyrýan jemgyýetçilik guramasy hökmünde kemala geldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem öz agzalarynyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini beýan edýän hem-de goraýan, döwletimizde telekeçiligiň ösmegine goldaw berýän, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki, ýuridik şahslary birleşdirýän, bedew batly ösüşler ýolunda olaryň tagallalaryny utgaşdyrýan syýasy partiýa hökmünde kemala gelmegi buýsandyryjydyr.

Türkmen senagatçylary we telekeçileri ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Arkadag şäherindäki gurluşyklar, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara üstaşyr-ulag ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar munuň aýdyň mysalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin meýilnamasy», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» ýaly möhüm resminamalar durmuşa geçirildi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurduň maýa goýumlarynyň düzüminde hususy eýeçiligiň paýynyň ýokarlandyrylmagy we şonuň netijesinde maýa goýum işjeňliginiň netijeliliginiň artdyrylmagy gazanyldy. Häzirki döwürde döwletimiziň telekeçileri öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen daşarky bazarlara çykyp, uly abraýa eýe bolýarlar.

Hususyýetçiler täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde telekeçilerimiziň alyp barýan işleri guwandyryjydyr. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek hususyýetçilerimize mahsusdyr.

Garaşsyzlyk halkara işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem giň ýol açdy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň netijeleri hem tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda: «Hususy işewürlik ugry, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu birleşmäniň bellige alnan agzalarynyň sany 30 müňe golaýdyr» diýmek bilen, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek ugrundaky tagallalaryň miwelerine üns çekdi. Bellenilişi ýaly, ýaşlar täze garaýyşlary, teklipleri, täzeçil nusgalary batyrgaý girizmäge ukyplydyrlar. Munuň şeýledigi ýurdumyzda telekeçi ýaşlaryň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görünýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagynyň 1 ýyllygy aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Türkmen telekeçileri «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Olar sanly ulgamy ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, «akylly» tehnologiýalar boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda hususy ulgamyň paýyny artdyrmaga, ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleri bilen üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Hususyýetçileriň öndürýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli gök-bakja önümleri, miwedir ir-iýmişleri amatly bahalardan hödürlenilýär. Soňky ýyllarda ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň eksport edilýän möçberi has-da artdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary onlarça guşçulyk, maldarçylyk, balykçylyk hojalyklaryny, döwrebap önümçilik toplumlaryny, gök we bakja, miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, sowadyjy ammarlary gurup ulanmaga berdiler.

Hususy başlangyçlar esasynda ýurdumyzyň senagat toplumynda innowasion önümçilikler döredilýär, iri senagat kärhanalary gurulýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň agzalary döwlet Baştutanymyzyň: «Ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, innowasion ösüş ýolunda bedew batly öňe barýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly şygrynda wasp edişi ýaly: «Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,//Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň». Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys, berk jan saglyk, uzak ömür, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.