Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TELEKEÇILIGE DÖREDILÝÄN GIŇ MÜMKINÇILIKLER

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, döwrebap önümçilikleri döretmek, telekeçiligi ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagyny giňeltmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Döwlet tarapyndan hususy işewürlige döredilýän amatly şertler netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda netijeli zähmet çekýärler. Oba hojalygy, azyk senagaty, dokma, gurluşyk, himiýa, hyzmatlar, logistika we beýleki pudaklarda täze kärhanalaryň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň önümçilik binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 72,9 göterime ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Bu görkeziji hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetdäki ornunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. • Telekeçilere berilýän döwlet goldawy Hususy pudagy ösdürmek diňe täze kärhanalary döretmek bilen çäklenmeýär eýsem olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, täze bazarlary özleşdirmegi we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi hem bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususy başlangyçlaryň ösdürilmegine, önümçilik kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. 2026-njy ýyl üçin kabul edilen maksatnamada täze kärhanalaryň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirildi. Telekeçileriň önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine hem täsir edýär. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi ýerli çig maldan peýdalanmaga, goşmaça önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge we ilatyň dürli harytlara bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem döwlet tarapyndan hususy pudagyň öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak we dünýä bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler telekeçiler üçin täze ösüş mümkinçiliklerini açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda telekeçileriň mümkinçilikleri barha giňeldilýär. Ýerli önümçiligiň ösdürilmegi bir tarapdan içerki bazaryň zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrýan bolsa, beýleki tarapdan milli önüm öndürijileriň tejribesiniň we önümçilik kuwwatynyň artmagyna şert döredýär. Azyk önümleri, oba hojalyk önümleri, dokma önümleri, gurluşyk serişdeleri, mebel, dürli sarp ediş harytlary we beýleki önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sanynyň artmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezýär. Häzirki wagtda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de milli harytlaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny giňeltmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. • Eksport — türkmen telekeçileri üçin täze bazarlara ýol Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak milli ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Eksportyň artdyrylmagy telekeçiler üçin täze bazarlaryň açylmagyna, önümçilik möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde türkmen önümleriniň daşary ýurtlarda tanalmagyna we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda öndürilýän ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagy üçin hem mümkinçilikler döredilýär. Eksportyň ösdürilmegi önüm öndürijiden diňe önüm öndürmegi däl, eýsem onuň hilini, gaplanyşyny, daşalyşyny, saklanyş şertlerini we daşary ýurt bazarlarynyň talaplaryny öwrenmegi hem talap edýär. Şonuň üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak türkmen telekeçileriniň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Türkmen telekeçileriniň öňünde häzirki wagtda diňe içerki bazaryň däl, eýsem daşary ýurt bazarlarynyň hem mümkinçilikleri açylýar. Munuň üçin önümçilikde täzeçil çemeleşmeleri ulanmak, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek möhüm şert bolup durýar. Bu ugurda dokma senagatynyň mümkinçilikleri aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberiniň artmagy we olaryň daşary ýurt bazarlaryna iberilmegi milli önümçiligiň eksport kuwwatynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Şeýle hem himiýa senagatynda täze kärhanalaryň döredilmegi we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Oba hojalygynda hem hususy önüm öndürijileriň işjeňligi artýar. Ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, döwrebap agrotehnologiýalaryň ulanylmagy, ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegi we önümleri gaýtadan işlemek eksport üçin täze mümkinçilikleri döredýär. • Logistika mümkinçilikleri hem giňelýär Eksport-import amallarynyň netijeliligi diňe öndürilýän önüme däl, eýsem onuň sarp edijä öz wagtynda we howpsuz ýetirilmegine hem baglydyr. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçiliklere eýedir. Deňiz, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň utgaşykly ösdürilmegi ýurdumyzyň söwda-logistika mümkinçilikleriniň giňelmegine şert döredýär. • Täze başlangyçlara giň ýol Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilige berilýän döwlet goldawy milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşmagyna gönükdirilendir. Telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler önüm öndürijileriň sanynyň artmagyna, täze kärhanalaryň döredilmegine, täze iş orunlarynyň açylmagyna we eksport ugurlarynyň giňelmegine itergi berýär. Häzirki wagtda esasy maksat diňe önümiň möçberini artdyrmak däl-de, onuň hilini dünýä derejesine ýetirmekden, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakdan, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary döretmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň artmagy, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň giňemegi we eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny görkezýän möhüm ugurlardyr. Geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we goldawlary esasynda türkmen telekeçileri täze önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirip, döwrebap önümleri öndürip, daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy milli ykdysadyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşar. Şunda döwlet bilen hususy pudagyň sazlaşykly hyzmatdaşlygy täze üstünlikleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat eder. Ýurdumyzda milli telekeçiligiň ösmegine hem-de hususy başlangyçlaryň giňden durmuşa geçirilmegine uly goldaw-hemaýatlary berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.