Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy her bir türkmenistanly üçin bahasyz gymmatlykdyr, her bir ildeşimiziň, geljekki nesillerimiziň ykbalynyň rowaçlanmagydyr, milletimiziň öz maddy hem ruhy baýlyklaryna mynasyp eýe bolup, dowamat-dowam tapmagydyr. Döwletimiziň täze taryhy 35 ýyl mundan ozal dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan badalga alýar. Şu geçen Garaşsyzlyk ýolumyzda döwlet berkararlygynyň hukuk esaslary pugtalandyryldy, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşy düýpli berkidildi, milli ykdysadyýet kuwwatly ösüşlere eýe boldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyryldy. Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet senasynda «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen setirler hakykat ýüzünde öz beýanyny tapyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Bu gün eziz Watanymyz parahatlyk mekany, halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän, hyzmatdaşlarynyň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar.
Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri abraýly halkara gurama bolan BMG-niň işjeň agzasy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen guwandyryjy işler amala aşyrylýar, oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan diňe şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly iki sany Kararnamanyň kabul edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň halkara ähmiýetli wakalary boldy.
Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpli ösüş-özgerişlere eýe boldy, milli ykdysadyýetimiz düýpli kuwwatlandy, bazar gatnaşyklaryna üstünlikli geçildi. Türkmen telekeçileri täze önümçilikleri gurmaga gatnaşyp, hususy pudak okgunly ösüşe eýe boldy. Täze pudaklary döredilip, ýurtda importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak işleri durmuşa geçirildi. Garaşsyzlyk bize ýurduň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Ine, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren maksatnamalary esasynda milli ykdysadyýete, dürli ugurlara sanly özgertmeler, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurt ösüşiniň geljekki menzilleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» , «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz anyk şöhlelenmesini tapýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda hususy pudak milli ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güjüne öwrülip, nebit-gaz toplumyny göz öňünde tutmazdan, jemi içerki önümdäki paýy 70 göterimden hem geçdi. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň we goldawlaryň netijesinde milli telekeçilerimiz içerki bazary importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, öz eksport kuwwatyny hem yzygiderli ýokarlandyrýar. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek, iri senagat we düzümleýin taslamalary, şol sanda döwrebap awtobanyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly hususy ulgam ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýar.
Dogrusy, 35 ýyl taryh üçin şeýle bir uzak hem däl. Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüş gazanylandygy buýsandyryjy hakykatdyr, bu gün şol ösüşli ýollary ýaşlarymyz üstünlikli dowam etdirmelidirler. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş strategiýasy agzybir halkymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün Garaşsyzlygyna guwanyp, döredýän, gurýan halkymyz şöhratly ata-babalarymyzdan nesillere miras galan baý däp-dessurlaryny şu günki gazananlarymyz bilen utgaşdyryp, beýik ruhy galkynyşy gazanyp, ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
Ýurdumyzy bagtyýar geljege ynamly alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda beýik işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdara çäksiz sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy