Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmagyň, döretmegiň, dowamatlylygyň ýolunda öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Bu hakykat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda has-da aýdyň görünýär. Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir syýasy dereje bolman, eýsem, erkinligiň, özbaşdaklygyň, milli galkynyşyň we bagtly geljegiň berk binýadydyr. Özygtyýarly döwlet bolmagy, öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi we Watanyňda parahat, agzybir ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegi başarmak iň uly bagtdyr.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy we beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe gitmegi başardy. Bu günki günde Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir. Garaşsyzlyk bizi taryhy köklerimize dolandyryp, milli medeniýetimizi, dilimizi we däp-dessurlarymyzy täzeden galkyndyrdy.
Döwletiň hakyky manysynda döwletiň Garaşsyz we özygtyýarly bolmagy ykdysady kuwwatyna gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolan gününden başlap, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýagny diňe bir çig mala daýanman, eýsem, ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän kuwwatly senagaty döretmäge uly ähmiýet berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri we oba hojalygy beýleki pudaklary täze tehnologiýalar esasynda döwrebaplaşdyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan uly halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi we beýleki energetika ugurlary ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki geosyýasy ornuny has-da berkitdi. Bulardan başga-da, ulag we logistika pudagyna goýulýan maýa goýumlary, täze demir ýollaryň we halkara portlaryň gurulmagy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregindäki möhüm halka hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady nusgasynyň iň esasy aýratynlygy döwlet eýeçiligi bilen bir hatarda, hususy pudagyň çalt depginler bilen ösmegidir. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi we telekeçiligi goldamak boýunça kabul edilýän döwlet maksatnamalary ýurtda telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine şert döretdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu gün diňe bir içerki bazary däl, eýsem, daşarky bazarlary hem özüniň ýokary hilli önümleri bilen üpjün edýärler.
Hususy pudak häzirki wagtda gurluşyk, azyk senagaty, oba hojalygy, söwda we hyzmatlar ulgamynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary we iri senagat kärhanalary ýerli işewürler tarapyndan ýokary hilli we halkara standartlara laýyklykda gurulýar. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we gysga wagtda «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýerli telekeçilerimiziň bitiren hyzmaty çäksizdir.
Mundan başga-da, oba hojalygynda hususy taraplara uzak möhletli ýer bölekleriniň bölünip berilmegi netijesinde ýyladyşhana hojalyklary giň gerim aldy. Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdirýän pomidorlary, gök-bakja ekinleri we miweleri, gurluşyk we senagat harytlary bu gün daşary ýurtlara eksport edilip, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine goşant goşýar. Döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar, salgyt ýeňillikleri we saldamly goldawlar hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýynyň yzygiderli artmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we importyň ornuny tutýan önümçiligiň ösmegine güýçli itergi berýär.
Garaşsyzlyk bize diňe bir ykdysady we syýasy erkinlik bermän, eýsem, ynsan mertebesini hem hemme zatdan ýokary goýdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär. Gazanylýan ykdysady üstünlikler, hususy pudagyň çeýeligi we maýa goýum işjeňligi ahyrsoňy halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş nesillere döwrebap bilim bermäge we sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir.
Mukaddes Garaşsyzlyga guwaman, döwlet özygtyýarlylygymyzy has-da berkitmek her bir raýatyň borjudyr. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz özüniň milli gymmatlyklary, kuwwatly ykdysadyýeti, ösen hususy pudagy we agzybir halky bilen baky bagtlylygyň, parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen hemişe öňe tarap gadam urar. Goý, merdana halkymyzyň taryhy arzuwlaryny hasyl eden, ösüşiň we bagtyýarlygyň egsilmez gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda abadan durmuşymyz dowamat-dowam bolsun! Halkymyzy şanly we nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.