Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen beýik özgerişler ýoly bilen, uzak geljegi nazarlap ynamly öňe barýar. Ýurdumyz bu günki gün, adam hukuklarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň kadalary bilen goralýan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Halkyň beýik geljegini berkarar etmekde öňde durýan möhüm wezipeler mähriban halkymyz bilen maslahatlaşylyp çözülýär.
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwlet ähmiýetli meseleler çözmäge, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmäge we kämilleşmäge gönükdirilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasydyr. Häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky uly köpridir. Geçiriljek bu döwletli maslahata il sylagly ýaşulylarymyz, mährem enelerimiz bilen bir hatarda ähli ulgamlaryň wekilleri gatnaşyp, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli wajyp meseleleriň üstünde durlup geçiler. Mundan başgada Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan uly ösüşleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada aýdylyp, uzak geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlener.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, bütindünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik, kadalaryna ygrarly, beýik taryhy we medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýip parasatlylyk we öňdengörüjilik bilen aýdan sözleri bu döwletli maslahatyň kabul edýän kararlarynyň we çözgütleriniň ählisiniň, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklanmagyna, halkymyzyň mundan beýläk hem parahat, asuda durmuşda bolelin ýaşamagyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Esasan hem bu ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda taryhy wakalaryň biri bolar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz syýasy-ykdysady we durmuş-medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazandy, dünýä ýurtlarynyň aglabasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Bu gazanylan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň aňrysynda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde agzybir halkymyz bilen sala salşyp, maslahatlaşyp kabul edilen kararlaryň we çözgütleriň durandygyny bu gün buýsanç bilen aýtmak ýerlikli bolar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek, ýurdumyzyň ösüşlerden-ösüşlere beslenmeginde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň raýatlarymyzyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze işlere badalga boljakdygyna berk ynanýarys.
Ajaýyp durmuşymyzda, özgertmeler zamanamyzda amala aşyrylýan halk bähbitli işleriň şaýady bolmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna taýýarlyk işlerine gatnaşmak, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek ýakymly pursatlaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti arapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklary hem aýratyn many-mazmuna baý bolup, ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagyna giň halk köpçüligini çekmek, döwletimiziň mundan beýläk hem kuwwatlanmagyny gazanmak, anyk teklipleri taýýarlamak işleri geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň özeni bolup durýar.
Pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän asylly däplerimize uly hormat goýýan, ajaýyp döwrümizde ata Watanymyzyň şan şöhratynyň arşa göterilmegi, ykdysady kuwwatynyň barha artmagy, ildeşlerimiziň asuda durmuşda parahat ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.