Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly taryhynda Watanyň azatlygy, halkyň synmaz erk-islegi ata-babalarymyzdan miras galan milli döwletlilik ýörelgeleri biziň iň belent buýsanjymyz we mizemez mukaddesligimizdir. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuw edip gelen Garaşsyz döwletlilik ýörelgesi 1991-nji ýylyň altyn güýzinde türkmen halkynyň durmuşynda täze taryhy eýýamyň başlangyjyna öwrüldi. Milli Garaşsyzlygymyzyň ykrar edilmegi bilen Türkmenistan dünýäniň syýasy kartasynda özbaşdak döwlet höküminde mynasyp ornuny eýeledi.
Şu ýyl eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly buýsanç bilen garşylaýar. Bu taryhy sene diňe bir geçen ýyllaryň beýany bolman, eýsem ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine nazar aýlamak, häzirki ösüşleriň ähmiýetine baha bermek we geljek üçin belent maksatlary kesgitlemek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, milli döwletlilik däplerini täze taryhy şertlerde ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Garaşsyz Türkmenistanyň öz Konstitusiýasy, döwlet nyşanlary, milli pul birligi, daşary we içeri syýasaty, ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň milli maksatnamalary emele geldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna, milli däp-dessurlaryna, ene diline, ruhy gymmatlyklaryna bolan sarpa has-da ýokarlandy. Türkmen halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty dünýä derejesinde giňden wagyz edilip başlandy.
Garaşsyz döwlet höküminde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy boldy. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjülik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini ileri tutup gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň birine öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler amala aşyryldy. Täze şäherler we döwrebap ýaşaýyş toplumlary guruldy, önümçilik kärhanalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, medeniýet merkezleri, sport desgalary, döwrebap ýollar we ulag-aragatnaşyk ulgamlary döredildi.
Paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň döwrebap şäherleriniň biri höküminde barha gözelleşýär. Ak mermerli binalar, giň şaýollar, seýilgähler, medeni we jemgyýetçilik desgalary ýurdumyzyň ösüşiniň aýdyň nyşanlaryny öwrüldi. Welaýatlarda hem şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär.
Türkmenistan ykdysady taýdan hem kuwwatly döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek, täze önümçilik kuwwatyny döretmek, senagaty diwersifikasýalaşdyrmak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygynyň we döwrebap dynç alyş mümkinçilikleriniň möhüm merkeziniň birine öwrüldi.
Awazanyň häzirki keşbi ýurdumyzyň ykdysady, syýahatçylyk we medeni mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär. Bu ajaýyp künjekde dürli halkara çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Türkmen telekeçileri önümçilik, gurluşyk, oba hojalygy, söwda, hyzmatlar we beýleki ugurlarda täze başlangyçlary durmuşa geçirýärler.
Telekeçileriň täze önümçilik kärhanalaryny döretmegi, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly itergi berýär.
Hususy başlangyçlaryň goldanylmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady mümkinçilikleriň giňeýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýaş telekeçileriň täze işewürlik taslamalary bilen çykyş etmegi hem ýurdumyzyň geljekki ykdysady ösüşleri uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň kalbynda Watana bolan söýgi hemişe mukaddes duýgy bolupdy. Şol söýgi Garaşsyzlyk eýýamynda täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki nesil Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ata-babalarymyzyň arzuw eden Garaşsyz döwletde şeýle-de arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarlar.
Garaşsyz, baky Bitarap watanymyzyň parahat, asuda bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.