Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýyna we 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 23-ne geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerime, döredijilik ruhuna eýe bolýar. Ýetip gelýän bu ajaýyp baýram halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, döredijilik kuwwatynyň hem-de Garaşsyz döwletimiziň täze belent sepgitlerine tarap ynamly ädimleriniň aýdyň nyşanydyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys» diýip, Hormatly Prezidentimiz abadan durmuşda ýaşaýan halkymyza ýüzlenip, Garaşsyzlygyň mizemez gymmatlykdygyny nygtaýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylýan dabaralar, döredijilik çäreleri uly ruhubelentlik häsiýete mahsus bolýar. Esasy bellemeli wakalaryň biri hem, ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu taryhy mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna we her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän uly taýýarlyk işleri dogrusynda ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna we jemgyýetçilik birleşiklerine beren tabşyryklary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu dabaraly senelere görülýän taýýarlyk işleri halkymyzyň döwletine, geçmişine, häzirki we geljekki ösüşine bolan söýgüsiniň nyşanyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlary, edara-kärhanalary we jemgyýetçilik birleşikleri Garaşsyzlyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen gatnaşar. Dürli ýurtlardaky watandaşlarymyz hem häzirki zaman telekommunikasiýa serişdeleri arkaly bu baýramçylyk şatlygyny ildeşlerimiz bilen deň paýlaşar. 

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli künjeklerinde hem syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahatlar, wagyz-nesihat we medeni çäreler, söhbetdeşlikler gurnalýar. Bu geçirilýän baýramçylyk çärelerinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň çeper beýanyna öwrülýär. Geçirilýän çäreleriň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünlikleri, gazanylan ykdysady kuwwaty, halkara hyzmatdaşlygy hem-de daşary syýasatynyň üstünlikleri hem giňden wagyz edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşmagyna we ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet derejesindäki köp sanly çäreler, täze başlangyçlar we halkara hyzmatdaşlygy Garaşsyzlygyň diňe bir taryhy waka bolman, eýsem, häzirki zaman döwlet gurluşynyň, ösüş strategiýasynyň, halk bähbitlerine gönükdirilen syýasatyň özenidigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen geçirilýän gepleşiklerde energetika, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde eden çykyşynda dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynanyşmagy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň «Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti» baradaky teklipleri we halkara hukuk ulgamyndaky başlangyçlary häzirki dünýäniň möhüm meseleleriniň çözgüdine goşant goşýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň uly baýram edilmegi diňe bir geçmişe hormat goýmak däl, eýsem, halkyň döwlete, ösüşe, geljege bolan ynamynyň, ruhubelentliginiň we döredijilik ukybynyň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk – halkymyzyň mukaddes gymmatlygydyr. Bu baýram, her bir türkmen raýaty üçin döwletimiziň sarsmaz sütüni, geljege ynam bilen barýan ýolunyň beýanydyr.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdan NOWRUZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.