Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN PAÝHASYNYŇ NUSGASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde parahatçylygyň, agzybirligiň we asudalygyň höküm sürmegi merdana halkymyzyň iň belent bagtydyr. Bu gymmatlyklaryň bitewi sazlaşygyndan kemala gelen Bitaraplyk taglymaty bolsa bu günki gün dünýä ýüzünde umumyadamzat bähbitli ýörelge hökmünde giňden dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hem şeýle beýik ýörelgeleriň hakyky ylmy-pelsepewi beýanydyr. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda asyrlar boýy parahatçylyk we asudalyk milli ýol-ýörelge hökmünde mynasyp orun alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiz öz eserinde Bitaraplyk düşünjesiniň kökleriniň örän çuňňurlygyny şeýle häsiýetlendirýär: «Gysga sözde beýan etsek, bitaraplyk ruhy her bir türkmeniň dünýägaraýşyny hem-de ýaşaýyş-durmuş pelsepesine ymykly ornaşypdyr. Bu biziň onyň Bitaraplyk ýörelgelerimize doly laýyk gelýär. Şonuň üçin häzirki döwürde «Bitaraplyk» düşünjesi «türkmen» ýa-da «Türkmenistan» sözleri bilen manydaş ýaňlanýar». Döwlet Baştutanymyzyň bu pelsepewi kesgitlemesi Bitaraplyk taglymatynyň jemgyýetçilik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Taryhçy alymlaryň pikirine görä, Bitaraplyk hakyndaky garaýyşlaryň gözbaşy gadymy Parfiýa döwletiniň taryhyndan başlanýar. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik ýolunyň türkmen halkynyň dünýä ýaýan gadymy ýol-ýörelgesi hakdaky hakykaty has-da dabaralandyrýar. Şonuň bilen baglylykda, kitabyň «Bitaraplyk - türkmen paýhasynda» atly bölüminde taryhy maglumatlara giňden teswirleme berilýär. Bu bölüm bilen bilen tanyş bolanyňda, Bitaraplyk düşünjesiniň türkmen halkynyň asyrlaryň dowamyndaky ýaşaýyş-durmuş derejesiniň özeni bolandygy kalbyňda uly buýsanç oýarýar. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk ýörelgeleriniň Parfiýada nähili durmuşa geçirilendigini akademik Antuan Sen-Marteniň 1850-nji ýylda Parižde neşir edilen «Ärsaklaryň taryhyndan parçalar» atly kitabyna salgylanyp, örän çuňňur seljerýär. Bu gymmatly maglumatlar şol döwürde hem bitaraplygyň uly ähmiýete eýe bolandygy we onuň dünýäniň durnuklylygy üçin möhüm gural hökmünde ulanylandygyny subut edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň beýan edişi ýaly, «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar». BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi bu aýdylanlaryň hakyky we aýdyň güwänamasydyr. Bu taryhy waka müňýyllyklardan gözbaş alýan Bitaraplyk taglymatymyza we döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky ynsanperwer başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçilik tarapyndan berlen iň ýokary bahadyr.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby saýlap alan ýolumyzyň örän dürüstdigini, aýdyňdygyny we dünýä ähmiýetlidigini ýene bir ýola äşgär edýär. Dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, dünýä nusgalyk işleri mundan beýläk-de hemişe rowaç bolsun!

Agahan GURDOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy.