Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI

    Öňňin...

  • TÜRKMENISTAN — HYTAÝ: HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI

    Täze taryhy...

  • ФУНДАМЕНТ РЫНОЧНОЙ ЭКОНОМИКИ

    В...

  • HUSUSY PUDAK: ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ ÝOLUNDA

    Gahryman...

  • PAÝTAGTYMYZDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ 18 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN FORUM GEÇIRILÝÄR

    Ýurdumyzda...

  • Dowamy

HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI

Öňňin paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlady.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara forum ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, bu ugurda amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertlerini döretmek, salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlandyrmak, hususy önüm öndürijileriň öz harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işlerini çaltlandyrmak, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini artdyrmak ýaly wajyp işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar» diýip bellenilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileriniň rowaç gadamlarynyň aýdyň nusgasy hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden bina edilen Arkadag şäherini görkezmek bolar. Belläp geçsek, ata Watanymyzyň täze taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen telekeçileridir hususyýetçileri tarapyndan amala aşyrylýar. Şu gezekki halkara sergide onlarça diplomlara, ýörite sylaglara eýe bolan «akylly» şäheriň binagärlik aýratynlygynyň, innowasion tehnologiýalarynyň hem-de beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleriniň aýdyňlygy bilen görkezilmegi-de örän buýsandyryjydyr.

Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýere gelen myhmanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalary iri gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şunda sebitde deňi-taýy bolmadyk, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň halkara guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň halkara güwänamalaryna mynasyp bolmagy hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu ugurda gazanýan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Sergide mynasyp orun alan Arkadag şäheriniň pawilýony bu bellenenleriň açyk-aýdyň görkezijisidir. Şeýle-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň ýokary hilli önümleri bolan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri, çaga iýmitleri, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan kompaniýalaryň diwarlyklary foruma gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. «Akylly» şäheriň gazananlaryny açyp görkezýän we ýagty geljeginden habar berýän taslamalaryň kiçi görnüşli şekilleri, uly ekranda görkezilýän wideo ýazgylar göreni haýran edýär.

Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.