Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň, işjeň hyzmatdaşlyklaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär. Şol sanda, iri halkara guramalary bilen bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklardyr hyzmatdaşlyklaryň barha rowaç alýandygyny ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyndan hem görmek bolýar. Saparyň çäklerindäki wakalar bolsa, iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de has-da ilerlejekdigini äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan doganlyk döwletine ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynda özboluşly ähmiýete eýe bolýar. Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýan Parfiýa gelende uly hormat bilen garşylanypdyr. Hut şonda ilçiniň üsti bilen hytaý imperatoryna ilkinji behişdi bedew sowgat iberilipdir. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň uzak taryha uzaýan, geljekde has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyklaryň ýollaryny çyzýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň bardygyny äşgär edýär. Hakykatdan-da, «Beýik Ýüpek ýolunyň» üsti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şu günki güne çenli dowam etdirilýär. Geljekde hem bu hyzmatdaşlyklaryň geriminiň geňeldilmeginde iki ýurtlaryň arasynda işjeň gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygy şübhesizdir.
Gahryman Arkadagymyz dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda: «Şu ýerde özboluşly resminama bolan «Kasam şertnamasyny» ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Oňa türkmenler Hytaýyň halky bilen biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda gol çekipdirler. «Kasam şertnamasynyň» adynyň özi iki halkyň özara gatnaşyklarynyň esasynda synmaz we mukaddes kadalaryň goýlandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini dikeldýärler. Döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklara, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne uzap gidýändigine iki ýurtda hem düşünmek bilen garalýar. Bu bolsa biziň uly gymmatlygymyzdyr, dostlugymyzyň, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygymyzyň hemişelik esasydyr» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp jümleleri hem ýokarda agzanlarymyzy tassyklaýar. Iki döwletiň arasyndaky müňýyllyklara uzaýan hyzmatdaşlyklaryň barha ilerleýändigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň bu dostluk saparyny amala aşyrmagynda uly ähmiýet bar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilmegi ugrunda edilýän beýik başlangyçlaryň işjeň hyzmatdaşlyklardan ugur alýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu saparyň çäklerinde alnyp barlan ikitaraplaýyn gepleşikler bolsa, ýurdumyzyň gülläp ösüşine oňyn täsirini ýetirer.
Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen içeri hem daşary syýasatda alnyp barylýan beýik başlangyçlar günsaýyn rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan bu başlangyçlaryň gerimini giňeltmekde atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.