Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞI

    Öňňin...

  • TÜRKMENISTAN — HYTAÝ: HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI

    Täze taryhy...

  • ФУНДАМЕНТ РЫНОЧНОЙ ЭКОНОМИКИ

    В...

  • HUSUSY PUDAK: ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ ÝOLUNDA

    Gahryman...

  • PAÝTAGTYMYZDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ 18 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN FORUM GEÇIRILÝÄR

    Ýurdumyzda...

  • Dowamy

TÜRKMENISTAN — HYTAÝ: HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy we ykdysady kuwwatynyň artmagy ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň rowaç alýandygynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň iň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri Hytaý Halk Respublikasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dostlukly döwlete amala aşyran dostluk sapary hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy.

Taryhy ähmiýetli saparyň dowamynda Pekinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň gün tertibine girizilen meseleler döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli goýulmalydygynyň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek  ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen sazlaşmagy netijesinde kuwwatly geoykdysady bileleşik kemala gelýär. Iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan taslamalar tutuş yklymda energetika we ulag ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmäge goşant goşýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda işewürlik gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasynda işewürlik gatnaşyklary diňe söwda bilen çäklenmeýär. Bu gatnaşyklar çuňňur tehnologik goşulyşmak derejesine çykdy. Energetika pudagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly dostlukly ýurda iberilýän uglewodorod serişdeleri ählumumy ösüşe we abadançylyga hyzmat edýär. Bu gaz geçirijisiniň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazynyň 460 milliard kub metre golaýy iberildi. Geljekde bu gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurulmagy bilen dostlukly ýurda her ýylky iberilýän tebigy gazyň möçberini häzirki 40 milliard kub metrden 65 milliard kub metre çenli ýetirmek maksat edinilýär.

Dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmeginde iň öňdebaryjy hytaý tehnologiýalary peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişmek barada degişli resminama gol çekmegi Gahryman Arkadagymyzyň taryhy saparynyň aýdyň netijeleriniň biridir. Bu gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäginde guruljak desgalar we taslamalaşdyryljak guýular ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge kömek eder.

Telekeçilik pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri önümçilikde hem-de oba hojalygynda Hytaýyň döwrebap tehnologiýalaryny, innowasion enjamlaryny üstünlikli peýdalanýarlar. Hytaýdan getirilýän ýokary tehnologiýaly önümçilik enjamlaryny ulanmak arkaly, ýurdumyzda plastik önümleri, gurluşyk serişdeleri we öý hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Hususyýetçi daýhanlarymyz Hytaýyň «akylly» suwaryş ulgamlaryny, ýyladyşhanalar üçin awtomatlaşdyrylan enjamlaryny we azyk önümlerini gaplaýjy tehnologiýalaryny giňden ulanýarlar. Şeýle hem hytaý tehnologiýalary esasynda miweleri we gök önümlerini doňdurmak, guratmak boýunça täze önümçilikler döredilýär. Bu enjamlar önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga we hilini halkara derejesine ýetirmäge kömek edýär.

Şu ýylyň mart aýynda Pekinde geçirilen işewürlik forumynda 250-den gowrak hytaý kompaniýasynyň türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Hytaýly işewürler türkmen telekeçilerine diňe bir enjam däl, eýsem, şol enjamlary dolandyrmak üçin nou-haulary we hünärmenleri taýýarlamak hyzmatlaryny hem hödürlediler. Bu çäre şu ýylyň 28-30-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik forumyna we sergisine taýýarlyk tapgyry boldy. Türkmen-hytaý işewürlik gatnaşyklary 2026-njy ýylda diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, «telekeçi-tehnologiýa-önüm» zynjyry esasynda täze derejä çykýar. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we içerki bazary ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary Türkmenistanyň we Hytaýyň täze taryhyň röwşen sahypalaryny bilelikde ýazýandygyny görkezdi. Bu taryhy waka biziň ählimizi has-da yhlasly zähmet çekmäge, maksatlarymyza ynam bilen ymtylmaga we halklarymyzyň abadançylygy üçin döretmäge ruhlandyrýar.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.