Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty aýratyn ähmiýete eýedir. Şol syýasatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan iş sapary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk, parahatçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde dabaralanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dünýä döwletleri bilen deňhukuklylyk, birek – birege hormat goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrýar. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem şu ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulany bäri, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda geçirilen duşuşyklar we gepleşikler hem bu gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna giň ýol açdy.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegi, täze ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýaly meseleler möhüm orun eýeledi. Bu bolsa diňe bir iki ýurdyň ykdysady ösüşine däl, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösüşine hem oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň parahatsöýüjilik we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty düýäde uly hormata eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk sapary bu ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde bu sapar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.
Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä derejesinde giň goldaw tapýar. Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ideýalary häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Hytaý Halk Respublikasy bilen medeni – gumanitar hyzmatdaşlyk hem üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasynda medeniýet, bilim, ylym, sport ugurlary boýunça alnyp barylýan çäreler halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi has-da güýçlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary diňe bir syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem Türkmenistanyň Garaşsyz – parahatçylyk söýüjilik ýolunyň dünýä giňişliginde giňden ýaýramagyna hem uly itergi berdi. Bu sapar ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň açylmagyna we döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna giň şertleri döretdi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly goşant goşýan döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyrylan iş sapary hem bu syýasatyň nobatdaky üstünlikli ädimi hökmünde taryha girdi.
Netijede, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary Türkmenistanyň Garaşsyz – parahatçylyk söýüjilik ýoluny dünýä giňişliginde wagyz etmekde möhüm orun eýeledi. Bu sapar dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, täze mümkinçilikleriň açylmagyna hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşdy. Şeýle möhüm ädimler bolsa Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.
Şu ajaýyp pursatda, ata Watanymyzy bedew bady bilen gülledip ösdürýän, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. Goý, berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen telekeçilerine üstünlik hemra bolsun!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.