Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

WATAN GERÇEKLERI BAKY ÝAŞAR

Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimiz üstünlikli amala aşyrýar. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş weteranlarymyzyň, aksakgal ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň hal-ahwaly hem-de saglygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär. Eziz Watanymyzy söýmegi we oňa wepaly bolmagy, ata-babalarymyzyň dostluga, hoşniýetlilige, ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini, milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmegi ündeýän ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Biz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne giňden dabaralandyrýan we ylalaşdyryjy merkez hökmünde döwletimiziň şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly wakadyr.

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş – köp sanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Ýalynly uruşda türkmen ýigitleriniň egindeşleri ruslar, ukrainler, belaruslar, gazaklar, özbekler, gyrgyzlar, azerbaýjanlar, täjikler...  we beýleki milletleriň wekilleri bolupdyr. Bu günki günde Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan ata-babalarymyzyň edermenligini, gaýduwsyzlygyny ebedileşdirmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!» diýip, nygtaýyşy ýaly her bir adam öz ata watanyny gözüniň görejideý gorap saklamalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçmişiň şöhraty biziň şu günümiziň buýsanjydyr. 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde Türkmenistanly gerçekleriň görkezen gahrymançylygyna, edermenligine baky hormat we ebedi şöhrat bolsun! 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary,  merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýoldaşlaryna bellenilen möçberlerde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Permany munuň buýsançly subutnamasydyr. 

Türkmen halkymyz gahrymançylygyň, mertligiň-merdanalygyň, gadryny bilýän halk. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň hormatyna Diýarymyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň 9-njy maýynda «Ýeňiş güni» baýramy uludan toýlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan gerçeklerimiz bolan uruş weteranlary hem-de ýalňyz ojaga wepaly enelerimiz ýurdumyz  üçin edýän çäksiz aladalary hem-de uruş weteranlaryna goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.