Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» uly özgertmeleri amala aşyryp, batly ädimler bilen öňe barýan zamanynda bilşimiz ýaly häzirki wagtda dünýä ýüzünde parahatçylygyň, dostlygyň we doganlygyň ýurdy höküminde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli, parasatly ýolbaşçylygynda Ata –Watanymyz ähli ugurlar boýunça ynamly ädimler bilen öňe barýar. Watanymyz Türkmenistan bagtyýarlygyň , sagdynlygyň mekanydyr. Çünki biziň döwletimiz «Watan diňe halky bilen watandyr Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen şygary ýörelge edinip, batly ädimler bilen öňe barýan döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny halka ýetirmek bize, ýagny jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýänligi bizi guwandyrýar we çekýän zähmetimize täze itergi berýär.
Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmekde ulag hyzmatlarynyň üstaşyr hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli beýik işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ulanmaga beriljek desgalary aýratyn belläp geçmegi hem oňa bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda agzalan derwaýys desgalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzilidir.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ulagyň bu görnüşinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak işlerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, netijede Diýarymyzyň ählumumy ulag-aragatnaşyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda gurluşygyna girişilen Halkara howa menzili 275 gektardan gowrak umumy meýdany tutýar. Sagatda 100 sany ýolagçylara hyzmat etmäge ukyby bolan Halkara howa menzili toplumynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary, iň kämil aeronawigasiýa düzümleri düýpli ornaşdyrylyp. Bu ýerde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge döwrebap şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň esasy orunda durýandygyny aýratyn bellärliklidir. Munuň özi, Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili toplumynda ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülerine laýyk hyzmat etmäge doly mümkinçilik berer.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda gurulan howa menzilde uçuş-gonuş zolagy 3200 metre deňdir. Şeýle-de ýolagçy we ýük terminallary, 20 orunlyk uçarmanlar üçin gulluk myhmanhanasy, beýikligi 35 metr bolan howa hereketini dolandyryş diňi, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasy, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen ulaglar gullugy, transformator bekedi, suw saklaýan rezerwuarlar, daşky eltiji ulgamlar, kömekçi binalar hem bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany müňlerçe telekeçiden ybarat bolup, olaryň alyp barýan işleri oba hojalygyndan başlap gurluşyk, söwda, hyzmatlar ulgamy, dokma senagaty we beýleki birnäçe möhüm pudaklary öz içine alýar. Şeýle hem birleşmäniň agzalary tarapyndan döwrebap senagat zonalary, önümçilik toplumlary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki ykdysady desgalar gurlup ulanylmaga berilýär, Bu aýdylanlara şaýatlyk edip: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan döwrebap howa menzili toplumynyň gurluşygynda dürli kuwwatly tehnikalaryň ýüzlerçesi doly güýjünde işlenilip, 2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne Halkara howa menzili toplumynyň aýdym-sazly uly dabaraly ýagdaýda açylyşyna Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berilmegi hem bizi diýseň begendirdi. Dabaranyň dowamynda ýatdan çykmajak pursatlaryň bolmagy şeýlede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalarynyň şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp watanymyza halkymyza hyzmat edip arassa halal zähmet çekmegi aýratyn bellärliklidir. Biz ýaşlara uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Şu pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň eşretli bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna janymyzy aýaman zähmet çekjekdigimizi ynandyrasym gelýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun, irginsiz çekýän zähmetleri elmydama rowaçlyga beslensin!
Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.