Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Watana söýgi, döwre buýsanç

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, Türk­me­nis­tan Watanymyz  özü­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýag­da­ýy­nyň 26 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Ajaýyp zamanamyzda erkana ömür sürýän ildeşlerimiziň her biri eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna buýsanýar, guwanýar. Hemişelik Bitaraplygymyz-halkymyzyň baky bagty. Bu bagtyň aňrysynda ata-babalarymyzyň yhlasy, geçmişi, ýurdumyzyň ýagty geljegi dur. Bitaraplyk-bu biziň kalbymyzyň buýsanjy, ýüregimiziň mähri, çagalaryň  şirin nagmasy, säher guşlaryň erkana saýramasy, halkymyzyň parahatçylyk üçin çeken yhlasynyň ýerine düşmesi, bu günki miwesi  bolup durýar. Bitaraplygyň gujagynda geçiren her bir günümiz, sagadymyz, bize, şatlyk, güýç-kuwwat, döwre buýsanç berýär. Bitarap Watan bizi hemişe mähir bilen gurşaýar. Her bir ojakda rysgal-döwlet gaýnap joşýar. 

           Hemişelik Bitaraplyk derejesini alanymyzdan bäri Türkmenistan Watanymyzda edilen işler, ýetilen beýik sepgitler  ýurdumyzyň saýlap alan bu ugrunyň dogrudygyny esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeledi, uly abraý gazandy. Netijede ýurdumyz ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny älem-jahana dabaralandyrdy. Eziz Arkadagymyzyň ýiti öňden görüjiliginiň we halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň, ýadawsyz aladalarynyň netijesinde, Bitarap  ýur­du­my­zyň ähli künjegi ösüş­le­re we öz­gert­me­le­re bes­len­ýär. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da gu­wan­dy­ry­jy sep­git­le­re ýe­til­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­re eýe bo­l­ýar şol sanda ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, telekeçiligi goldamak we ösdürmek hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan derwaýys ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda telekeçiler Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna saldamly goşant goşup, döwrebap oba-şäherleri, ýaşaýyş jaýlary,  ýokary hilli gurýarlar.     Azyk bolçulygyny döredip, ata-babalarymyzyň  asyrlaryň dowamynda ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanyp gelen asylly ýörelgesini mynasyp dowam etdirýärler. Netijede türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe  içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy bu günki gün buýsanmaga mynasypdyr.

             Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halky Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge taýýarlyk görýär. Şanly toýa täze sepgitler bilen barýar. Paýtagtymyzda we welaýatymyzda ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar gurulup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde iri önümçilik desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ol desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyny berk gurýandygyna şaýatlyk edýär. Bu günüň abatlygy ertirki güne bolan ynam ildeşlerimiziň her birinde buýsanç duýgusyny döredýär.  

           Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti hem He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­lap, eziz ýurdumyzyň  ösü­şi­ne, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn mil­li Mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan çäreleri yzygiderli geçirýär. 

           Hemişelik Bitarap Watanymyzyň şanyny, şöhradyny, abraý-mertebesini jümle-jahana ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!      

Z.Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat  komitetiniň başlygynyň orunbasary, başlygyň wezipesini ýerine ýetirijisi