Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Bag ekmek – asylly ýörelge

Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň netijesinde eziz ýurdumyz «Şol bagly ýurt diýip bersinler salgy...» diýip, şahyr Atamyrat Atabaýewiň çyn ýürekden yhlas eden ýurduna öwrüldi. Tebigata bal bilen ýag ýaly garyşan ildeşlerimiziň topraga söýgüsi giden bir baýlygy — baglygy döretdi. Türkmenistan bagy-bossanlyga öwrüldi.

Şu ýylyň güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan ägirt uly ýadygärliginiň ýanynda geçirildi. Hut Magtymguly Pyragynyň arzuw eden agzybirlik ýörelgelerini özlerine çelgi edinen halkymyzyň gatnaşmagynda bir günüň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça 5 milliona golaý düýp pürli we beýleki agaç nahallary oturdyldy. Tebigata yhlas siňdirildi. Ol yhlas kalbymyza nur, söýgi bolup çaýylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli ýerinde güýzki bag ekmek möwsümi ýokary guramaçylykly geçirildi. Gök zolaklara, ozaldan bar bolan baglara ideg edildi. Olaryň düýpleri ýumşadylyp, arassaçylyk işleri geçirildi.

Ynsan — tebigatyň bir bölegi. Ümmülmez tebigat adamzada özüniň bimöçber sahawatyny eçilýär. Arşdan Zemine sary ýaýylýan howa daglary-düzleri sypalap, daragtlaryň üsti bilen durlanyp, kadaly dem almagymyz üçin ýaramly häsiýete eýe bolýar. Agaçlar gülleýär, miweleýär, bol hasyl eçilýär, baglar boý alyp, ynsan ömrüne saýa salýar. Gül-gunçalar açylyp, ynsan ruhunyň tämizlenmegine ýardam edýär. Diýmek, ynsan we tebigat — jan bilen ten.

Käwagt gürrüňçilikde köp ýaşan daragtlar hakda söhbet edilýär. Şol daragty ýaşajyk nahalka topraga oturdan adam hem hökman ýatlanylýar. Onuň adyna alkyş okalýar. Diýmek, bag bilen ony ösdürip ýetişdireniň hem ady baky ýaşaýar. Munuň sogaby bolsa hasapsyz, tarypy hem hemişelik bolýar 

Kimde­-kim bir agaç ekse ýadygär

Dünýäniň kitabynda onuň ady bar.

                            Gara Seýitliýew

 

(Öýkünme)

Kimde-kim uly bag ekse ýadygär,

Dem alýan howaňda oň yhlasy bar.

Oň deminden urar ýagşylyk ysy,

Sebäp adamlara doly söýgisi.

 

Zähmet çekseň, Watany söýip,

Watana söýgi, beýikdir beýik,

Bag ekip adama berseňiz saýa,

Sogabyňyz ýeter asmana, Aýa.

Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni