Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Geçmişiň we geljegiň aýnasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden toýlanan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy ulus-ilimiz üçin toý sowgady boldy. Halkymyzda kitap iň gymmatly sowgatlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň bu täze kitaby giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan bu kitap şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda alnyp barlan beýik işlerden söz açýar.

Kitap «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, ilkinjiler, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!», «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar», «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» ýaly bölümlerden ybarat. Bu bölümleriň her birinde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti hakda düýpli gürrüň edilýär. Olaryň her birinde beýan edilýän gymmatly maglumatlar bolsa täze taryhymyzyň sahypalaryna ýazylýar.

Häzirki günde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyzyň ýöredýän syýasaty dünýä nusgalykdyr, çünki parahatsöýüjilikli ýol-ýörelgeler Watanymyzyň at-abraýyny äleme ýaýýar, ösüşlere ýol açýar. Bu babatda kitapda şeýle setirler bar: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir!» Täze kitaby okap, onuň ady hakda oýlanýarsyň, hakykatdan-da, Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalynda uly öwrülişigi döretdi, türkmen özygtyýarly, özbaşdak döwletli boldy. Watanyň özbaşdaklygy — bagtyň gözbaşy. Gahryman Arkadagymyzyň kitapda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip, aýdan jümleleri watançylyk duýgusynyň beýik nusgasydyr.

Garaşsyzlygy şeýle buýsanç bilen beýan edýän Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk babatda-da çuň mazmunly pikir ýöredip, şeýle belleýär: «Türkmen halky asyrlarboýy öz goňşulary, dünýäniň ähli halklary bilen parahat, dostlukly, deňli-derejeli ýaşaşmagy arzuw edip geldi. Şol arzuw hakykata öwrüldi we munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň gazanan örän uly üstünligi boldy».

Ýokardaky jümlelerden hem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmeniň bagty, geljege aýdyň ýol. Şular ýaly beýik ruhdaky watançylyk duýgulary hormatly Prezidentimiziň her bir atalyk kitabynda çuňňur beýan edilýär. Bu kitapda beýan edilýän şeýle pikirler biziň her birimizde uly buýsanç duýgusyny döredýär: «Bizde: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen söz bar. Bu sözde agzybirlik, bitewülik, jebislik, il-ýurda wepadarlyk, garaşsyzlyk, döwletlilik düşünjeleri jemlenendir. Bu sözden biziň Garaşsyzlygy janyna, hany-manyna deňäp söýýän halkymyzyň ar-namyslylygyny, mertebesini, iň uly arzuw-maksatlaryny hem duýmak bolýar».

Täze kitabyň her bölüminde, her sahypasynda, onda ýerleşdirilen her bir suratda türkmen halkynyň bagtyýar şu güni, aýdyň geljegi şöhlelenýär. Bu bolsa biziň her birimiziň Watanymyzyň, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňündäki borçlarymyzyň aňymyzdaky, kalbymyzdaky watançylyk duýgularymyz bilen gönüden-göni baglydygyny görkezýär. Bu kitabyň okyjylara eçilýän iň uly baýlygy watançylykdyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň bu täze kitaby hemmämiz üçin gymmatly çeşmedir.

Goý, hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp kitaplarynyň sany köp bolsun!

Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni