Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Döwletli Maslahat - döwrüň ýalkymy

Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däplerimiziň, edim-gylymlarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýändigi jemgyýetiň ösüşine täsir edýän esasy aýratynlyklarynyň biridir. Onuň iň aýdyň mysallarynyň biri hem durmuşymyzda möhüm orun alan Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr. Baş Kanunymyzyň 3-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy bellenilýär. Bu maddada Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy beýan edilýär. Munuň özi, türkmen döwletiniň öz esasy maksadyny halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde görýändigini aýdyň şöhlelendirýär.
25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň köpugurly ösüşinde milli jebisligiň we demokratiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugruny gurşap alan guwandyryjy ösüşler, oňyn özgertmeler, täze sepgitler, buýsandyryjy menziller bilen sazlaşyp, bu ugurlaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda anyk maglumatlar bilen öz beýanyny tapdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda nesil terbiýesine uly üns gönükdirildi. Bu gün ruhy taýdan ösen, sagdyn, giň gözýetimli ýaşlar halkymyzyň guwanjy, Watanymyzyň geljeginiň daýanjy bolup ýetişýärler. Ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary kämilleşdirilip, milli maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz taryhy maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi talap edýändigine ünsi çekdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň köp sanly taryhy we medeni baýlyklaryny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek işleri yzygiderli häsiýete eýe boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Ähtnamasynda birnäçe wezipeler bellenilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, türkmen keçe we demirçilik senedini, türkmen tazysy we elguşçulyk sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada bellemegi guwandyryjy işlerdir.
Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklaryň arasyndaky dostlukly we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hem-de ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň käbirlerini — Aşgabat şäherinden we welaýatlaryň hersinden bir mekdebi girizmek boýunça taslama amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak wezipesini hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Türkmen halkynda «Agzybirlik — döwletliligiň altyn açarydyr» diýen pähim bar. Bu gün biz bu pähimiň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrüldigine şaýat bolýarys, bu ugurda gazanylanlary has-da baýlaşdyryp, ýaş nesle geçirmäge çalyşýarys. Bu gün türkmen halky milli Lideriniň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen parahat durmuşyň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny gurýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň bellenilen maksatlary amal etmäge, beýik tutumlary durmuşa geçirmäge ukyplydygynyň, agzybirliginiň ýene bir görkezijisine öwrüldi diýip aýtmaga doly esas bar.
Milli Liderimiziň: «Meniň iň uly arzuwym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esas goýujy kadalaryny kämilleşdirip, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp gitmekdir» diýip bellän ganatly jümleleri ähli ildeşlerimiziň kalbynda orun alyp, ruhumyzy belende göterdi, täze sepgitlere tarap hyjuwly öňe gitmäge täze joşgun berdi. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar Watanynda Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşlaryndan ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýän halkymyz bir maksada gulluk edip, ýagty geljegiň altyn köprüsini gurýar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge bolan ruhy galkynyş we nesilleriň öňündäki jogapkärçiligi duýmak bu günki türkmen jemgyýetiniň ajaýyp ahwaly bolup, ol Halk Maslahatynda bellenilýän maksatlarda has-da aýdyň şöhlelenýär.

Merdan Ataýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni