Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • “Ýaş inžiner 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

     ...

  • «Köken» atly gazet tapmaçalarynyň (krossword, skanword, çaýnword) bäsleşigini geçirýär.

    Bäsleşigiň...

  • Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly startap bäsleşigi

    Berkarar...

  • Dowamy

«Köken» atly gazet tapmaçalarynyň (krossword, skanword, çaýnword) bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşigiň maksady:

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryny dabaralandyrmak hem-de ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik, logiki pikirleniş ukybyny artdyrmak, dil baýlygyny we ýatkeşligini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Köken» atly gazet tapmaçalarynyň (krossword, skanword, çaýnword) bäsleşigini yglan edýär. Dünýäde gazet tapmaçalarynyň örän köp görnüşi bar. Biz gazet tapmaçalaryny düzmek bäsleşigini ildeşlerimiziň arasynda uly gyzyklanma bilen çözülýän krossword, skanword, çaýnword ýaly görnüşleri boýunça geçirmegi makul bildik. Bäsleşik türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine, atçylyk sungatyna we türkmen atşynaslygyna degişli sowallar esasynda taýýarlanylan krosswordlary, skanwordlary we çaýnwordlary düzmek  boýunça geçiriler. 

Bäsleşigiň düzgünleri:

Bäsleşige hödürlenilýän krosswordlar, skanwordlar, çaýnwordlar ahalteke bedewlerine, atçylyk sungatyna we türkmen atşynaslygyna, bedewlerimiz hakdaky çeper eserlere, ondaky gahrymanlara we ýer-ýurt atlaryna salgylanýan degişli sowallary we sözleri öz içine almaly. Taýýarlanyljak işlerde türkmen diliniň grammatik we orfografik kadalaryna, şeýle-de sözleriň gözenekde dogry kesişmegine üns bermeli. Krosswordyň, skanwordyň, çaýnwordyň sowallaryndaky kesgitlemeler anyk, gysga we düşnükli bolmaly. Hödürleniljek işler kagyz ýüzünde (taýýar çyzgy görnüşinde, jogaplary ýerleşdirilen halda) hem-de elektron formatda (PDF ýa-da JPG) kabul ediler. 

Bäsleşige ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler. 

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyr. 

Bäsleşigiň jemini jemlemek

Bäsleşige hödürlenen krosswordlaryň, skanwordlaryň, çaýnwordlaryň talabalaýyk iň gowulary saýlanylyp, olara baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzüler. Iberilen işlerde sowallar bilen jogaplaryň biri-birine gabat gelmegine, ahalteke bedewlerine we atşynaslyga dahylly türkmen dilinde seýrek ulanylýan sözleriň getirilişine, kökenli gözenekleriň utgaşmagy netijesinde emele gelýän umumy toruň gurluşyna we simmetriýasyna üns berler.

Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşige hödürlenen işler 2026-njy ýylyň 30-njy apreline çenli kabul ediler we maý aýynyň birinji ongünliginde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda jemlener.  Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleri «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 

Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý 

Telefon belgilerimiz: 23-77-95; 23-77-96

Gazetiň elektron poçtasy: br.gazeti@gmail.com

TSTP