Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • «SANLY GELJEK-2026» ATLY BÄSLEŞIGI.

    DÜZGÜNNAMASY

  • MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILJEK “SEBIT EKOLOGIÝASY WE ÝAŞYL BAŞLANGYÇLAR” ATLY EKO-TASLAMALAR BÄSLEŞIGI

    Umumy...

  • “Ýaş inžiner 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

     ...

  • «Köken» atly gazet tapmaçalarynyň (krossword, skanword, çaýnword) bäsleşigini geçirýär.

    Bäsleşigiň...

  • Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly startap bäsleşigi

    Berkarar...

  • Dowamy

«SANLY GELJEK-2026» ATLY BÄSLEŞIGI.

DÜZGÜNNAMASY

1.Umumy düzgünler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we tehnologik ösüşi üpjün etmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlaryň innowasion ukyplaryny ösdürmek maksat edinilýär. Bu bäsleşik milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zaman programma üpjünçiligini we robototehniki çözgütleri omaşdyrmaga ýaşlary giňden çekmek we höweslendirmek üçin guralýar.

2. Bäsleşigiň maksady

Ýaşlaryň arasynda IT-telekeçilik we inženerçilik başlangyçlaryny ösdürmek. Zehinli ýaşlary, täzeçil IT-startaplary we robototehniki innowasiýalary ýüze çykarmak hem-de goldamak. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy pikirleri we tehnologiýalary jemgyýetçilik-ykdysady durmuşa ornaşdyrmak.

3. Gatnaşyjylar

Mekdep okuwçylary (indiwidual).

4. Bäsleşigiň Ugurlary

  • Smart Çity (Akylly şäher): Şäher düzümini awtomatlaşdyrýan

robotlar we loT (Intemet of Things) ulgamlary.

  • EduTeeh & Mobile: Bilim ulgamy üçin mobil goşundylar we öwrediji

platformalar.

  • Eeo-Teeh: Ekologiýa we "ýaşyl" ykdysadyýet üçin sanly çözgütler.

5. Geçiş tertibi

  • Arzalary kabul etmek: Taslamalaryň gysgaça beýanyny we tehniki pasportyny onlaýn/oflaýn kabul etmek (tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com).
  • Girişme tapgyry: Bilermenler topary tarapyndan taslamalaryň tehniki mümkinçiliklerini öňünden saýlap almak.
  • Final (Demo Day): Taslamalaryň we robotlaryň emin-agzalaryň öňünde iş ýüzünde görkezilip goralmagy.
  • Sylaglama: Ýeňijileri yglan etmek we ykdysady bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, gyzyklanýan taraplar bilen duşuşyklary guramaga ýardam bermek.

6. Bahalandyryş ölçegleri

  • Täzeçillik: Programma üpjünçiliginiň ýa-da robotyň özboluşlylygy we täzeçilligi.
  • Tehniki çylşyrymlylyk: Koduň hili, algoritmiň dumuklylygy we inženerçilik çözgüdi.
  • Amaly peýdasy: Taslamanyň ykdysadyýete, ekologiýa ýa-da durmuş ulgamyna getirjek peýdasy.
  • Işewürlik modeli: Sanly önümiň monetizasiýa we durmuşa omaşdyrylyş mümkinçiligi.
  • Prezentasiýa: Dalaşgäriň öz innowasiýasyny düşündirmek we goramak ukyby.

7. Bäsleşigiň şertleri

Dalaşgärler öz taslamalaryny 2026-njy ýylyň 02-nji iýunyna çenli

tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com salgylara

tabşyrmalydyr.

Her gatnaşyjy diňe bir taslama bilen gatnaşyp biler.

8. Bäsleşigi jemlemegiň tertibi

Bäsleşigiň ýeňijileri emin-agzalar topary tarapyndan 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda her ugurdan aşakdaky orunlar boýunça kesgitlener:

     1-nji orun - 1 ýer;

     2-nji orun - 2 ýer;

     3-nji orun - 3 ýer.

9. Ýeňijilere: Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 

Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdep bölümi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: 

Telefonlar: 22-74-07, 22-70-38, 44-86-85.

E-mailtbmmekbol@gmail.com       tstp.ashgabat22@gmail.com

TSTP