Umumy düzgünler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek we ekologiki ulgamy giňden omaşdyrmak maksady bilen gumalýar.
Bäsleşik ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça amaly we innowasion ideýalary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Maksady: Zehinli ýaşlary we olaryň innowasion ekologik ideýalaryny goldamak, ýaşyl tehnologiýalary omaşdyrmak üçin amatly gurşawy döretmek.
Wezipeleri: Okuwçylaryň ekologiýa we dumukly ösüş baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak.
Sebitleýin ekologiýa meselelerini, hususan-da suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlary çözmäge ýaşlary çekmek.
Okuwçylaryň arasynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmek.
Bäsleşigiň ugurlary
Taslamalar aşakdaky ugurlary öz içine alyp biler:
Suw diplomatiýasy we tygşytlylyk: Serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we damjalaýyn suwaryşyň täze usullary.
Çölleşmä garşy göreş we bagy-bossanlyk: Ählihalk bag ekmek dabaralaryna goşant goşjak täze «ýaşyl» zolaklaryň taslamalary.
Biodegradasiýa we galyndylary dolandyrmak: Polimer galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we tebigata zyýansj zlandyrmagyň ýollary.
Sanly ekologiýa: Daşky gurşawa gözegçilik etmekde sanly tehnologiýalary we sensorlary ulanmak.
Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar
Bäsleşige Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Taslamalar ozal beýleki bäsleşiklere hödürlenmedik we täzeçilligi bilen tapawutlanýan bolmalydyr.
Gatnaşyjylar özleri baradaky maglumatlary (ady, famhiýasy, mekdebi, synpy, telefon belgisi) taslama goşmalydyrlar.
Bäsleşigiň geçiriliş tertibi
Hasaba alyş: Arzalary we taslama meýilnamalaryny kabul etmek (2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli).
Saýlap alyş: Bilermenler topary tarapyndan iň oňat taslamalary, innowasiýon ideýalary öňünden saýlap almak.
Final tapgyry: Taslamalaryň emin-agzalaryň öňünde açyk çykyş (prezentasiýa) arkaly goralmagy.
Bahalandyryş ölçegleri
Täzeçillik: Ideýanyň özboluşlylygy we täzeçillik derejesi.
Amaly ähmiýeti: Taslamanyň ýurdumyzyň ekologiýasyna ýetirjek peýdasy.
Prezentasiýa: Okuwçynyň öz taslamasyny düşündirip bermek we goramak ukyby.
Ýeňijileri sylaglamak
Bäsleşigift ýeftijileri bir sany 1-nji, iki sany 2-nji we üç sany 3-nji orunlar boýunça kesgitleniler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärler taslamalary 2026-njy ýylyft 10-njy maýyna çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyft Aşgabat şäher komitetinift e-mail salgysyna tstp.ashgabat22@gmail.com ugradyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärler öz atlaryndan diňe bir taslamany hödürlemäge mümkinçilikleri bardyr.
Bäsleşik 2026-njy ýylyn 13-nji maýyna jemlener. Ýeftijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyft Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary, şeýle-de tapawutlanan taslamalara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Guramaçylyk boýunça görkezme
Guramaçylyk toparyny döretmek.
Emin-agzalaryft düzümini tassyklamak .
Taslamalary kabul etmek üçin e-mail salga jogapkär bellemek.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrmalar üpjün etmek (web-sahypa, sosial ulgamlarda sahypalar).
Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyft Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinift Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: 22-74-07, 22-70-38 tstp.ashgabat22@gmail.com Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat.
TSTP