“Ýaş inžiner 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi
1.Umumy düzgünler
- Şu Düzgünnama “Ýaş inžiner 2026” atly bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
- Bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan gurnalýar.
- Bäsleşik “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary”, “Robototehnika” “Erjeller kodlaýar” we “BattleBots” atly, dört görnüş boýunça gatnaşyjylar özara bäsleşerler.
- Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar, adam gatnaşyklary, birek-birek bilen ýardamlaşma, sypaýyçylyk ýaly türkmeniň milli gylyk-häsiýetlerinden we ýörelgelerinden ugur alýarlar.
- Bäsleşik 18-nji aprelda, şenbe güni geçiriler.
- Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan mekdep okuwçylary we “BattleBots” görnüşinde bolsa islendik raýat gatnaşyp biler.
- Okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmak üçin, gelmek-gitmek, naharlanmak, galmak ýaly meseleleri, gatnaşyjylaryň özlerine degişlidir.
- “Ýaş inžiner 2026” atly bäsleşigine gatnaşyjylary bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär.
- Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar we myhmanlar bellenilen eminler toparynyň görkezmeleri boýunça hereket etmelidir.
- Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
- Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige gelende, bäsleşik tarapyndan berlen lybaslary, bäsleşik tamamlanýança geýmäge borçlydyr.
- Bir bäsleşige gatnaşýan okuwça ikinji bäsleşige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
- Bäsleşige gatnaşyjylar 01.04.2026ý senesine çenli (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) gysga salgynyň, ýada aşakda görkezilen QR salgysynyň kömegi bilen bäsleşige öňünden ýazylmalydyr.
- Bäsleşik wagty başlandan, tamamlanýança gatnaşyjylar, gatnaşýan ugurlaryna görä öz ýerlerinde durmaga borçlydyr.
- Eminler tarapyndan çagyrylan her bir gatnaşyjy, gyssagly eminleriň ýanyna barmaga borçlydyr.
- Bäsleşigiň dowamynda öz ýerinde durmadyk gatnaşyjy, soň bäsleşige gatnaşyp bilmeýär.
- Gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň 18-nji apreline doly taýýar ýagdaýda, taslamalary bilen bilelikde, bäsleşik başlamazdan öň gözden geçirilişige gelmäge borçlydyr.
- Bäsleşigiň geçirilýän ýeri, aşakda ýazylmak üçin ýerleşdirilen QR gysga salgyda görkezilen.
- Her dört bäsleşikde hem eminler toparynyň agzalarynyň saýlan 1-nji, 2-nji, we 3-nji orunlary ýeňiji diýlip yglan ediler.
- Ýeňijiler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.
- “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslama-döredijilik bäsleşiginiň düzgünleri:
- “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslama-döredijilik bäsleşiginde okuwçylar hut özleriniň taýýarlan taslamalaryny tanatmak, gürrüň bermek görnüşinde bäsleşerler.
- Bäsleşigiň bu görnüşine orta mekdepleriň 7-12 synplarynda okaýan mekdep okuwçylary, ýekelikde ýada toparlaýyn (iň köp 2 okuwçy) görnüşde gatnaşyp bilerler.
- “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslamalar, döredijiligi babatynda erkin bolup, okuwçy öz islegine görä kämilleşdirip biler.
- Taslamalaryň göwrümi, agramy ýada ulanylýan enjamlary bilen baglanyşykly çäklendirme ýokdur.
- Eminler topary taslamalaryň; hiline, täzeçilligine (innowasiýasyna), ulanmaga ukyplylygyna, maddy taraplaryna, okuwçynyň taslamany beýan edişine baha bererler.
- Robototehnika bäsleşiginiň düzgünleri:
- Bäsleşigiň bu görnüşine orta mrkdepleriň 7-12 synplarynda okaýan mekdep okuwçylary ýekelikde gatnaşyp bilerler.
- Her bir robodyň, programmirlemesi, elektronikasy, mehanikasy doly derejede, gatnaşyjy tarapyndan taýýarlanan bolmalydyr. (eminler anyklamak üçin dürli soraglary berip bilýärler)
- Robotlar 2.5 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary ýerine ýetirýärler.
- Her bir roboda 2 gezek synanyşmaga (Gatnaşyjylar az bolan ýagdaýynda eminleriň karary bilen 3 gezek hem synanyşyp biler) rugsat berilýär.
- Robotlar berlen wagtyň dowamynda ýerdäki topjagazlary ýygnap, 70sm, 50sm, 30sm beýiklikdäki gaplara goýmaga çalyşýar, we berlen wagtyň soňky sekuntlarynda final üçin niýetlenen duralgada durýarlar. Meýdançada jemi 50 sany top bar.
- Ballar her top üçin: 70sm guty üçin 1 bal, 50sm guty üçin 0.5 bal, 30sm guty üçin 0.3 baldan we final duralgasyna park edilen ýagdaýynda, toplanan ballar 1.5 e köpeldilýär (ballar x 1.5 = umumy bal).
- Bäsleşik bilen baglanyşykly video ýazgy we topjagazlaryň agramy, ululygy ýaly maglumatlary: (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) adresinden görüp bilersiňiz. (1,2,3,4,5-nji suratlar)
- Robot park ýerine doly münip bilmedik ýagdaýynda onda diňe ýygnalan toplaryň ballary berilýär.
- Bellenilen wagtyň dowamynda gatnaşyjylardan biri ýada ondan köpi wagtyndan ir toplary dol ýygnan bolsa onda oýun üçin niýetlenen wagta görä ýeňijiler saýlanýarlar.
- Bäsleşik meýdançanyň ölçegleri suratlarda görkezilen.
- Robotlaryň ölçegleri başlangyçda: ini 50 sm, uzynlygy 50 sm boýy hem 50 sm çenli bolmagyna rugsat edilýär.
- Robot taýýarlananda motor, serwo motor, batareýa ýaly enjamlarda çäk ýok (näçe islese ulanyp biler).
- Robototehnika bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji oruna mynasyp bolan okuwçylar First Global Challenge-2026 robototehnika boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
- Erjeller kodlaýar
- Erjeller kodlaýar atly bäsleşik 8-nji synpdan kiçi, mekdep okuwçylarynyň ählisi gatnaşyp biler.
- Bäsleşigiň bu görnüşi Sсratch programmirleme dilinde, okuwçylar özleriniň taýýarlan taslamalary bilen gatnaşarlar.
- Okuwçylar bäsleşige oýun, animasiýa, ýada başga görnüşli programmalaryny hödürläp bilerler.
- Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup,
- Birinji tapgyrynda okuwçylar taýýarlan taslamalaryny .sb3 faýyl görnüşinde (Sсratch programmirleme dili) online sahypa ýüklenilýär.
- Ikinji tapgyrynda diňe saýlanan 10 taslama, final tapgyryna gatnaşar.
- Ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazanan okuwçylara we olaryň mugallymlaryna telefon we mail üsti bilen habar beriljekdir.
- Final tapgyrynda okuwçylar öz taýýarlan taslamalaryny, sahnada beýan etmek arkaly tanyşdyrýarlar.
- Eminler topary, taslamalaryň täzeçilligine, maksadyna, dizaýynyna, ulanyşlylygyna, kodlaryň dogry ulanylyşyna we okuwçylaryň öz taslamalaryny beýan edişine baha bererler.
- Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň döreden taslamalary senagat pudagy bilen baglanyşykly bolsa goşmaça bal berler.
- Okuwçylar bäsleşige toparlaýyn (iň köp 3 ) ýada ýekeleýin hem gatnaşyp bilerler.
- BattleBots (Robotlaryň göreşi)
- Bäsleşige meýdançda 2 robot özara, biri beýlekisini işlemez ýagdaýa getirmek üçin bäsleşýär.
- Meýdançadaky robotlaryň haýsy hem bolsa biri hatardan çykýança oýun dowam edýär.
- Oýun, eminiň “Başla” buýrugy bilen başlaýar, we bir robot hatardan çykanynda eminiň buýrugy bilen tamamlanýar.
- Eminleriň “Başla” buýrugundan soňra, robot 10 sekuntdan köp hereketsiz galsa, oýuny garşy tarap gazandy hasap edilýär.
- Eger eminleriň “Başla” buýrugundan soňra her 2 robot hem, 10 sekuntdan köp hereketsiz galsa, onda 2 robot hem oýuny gazanmady hasap edilýär.
- Oýuny gazanan robot indiki tapgyra geçmäge hukuk gazanar.
- Meýdançadaky robot ulaglar, islege görä awtomatiki ýada manual ýagdaýda dolandyrylyp biliner.
- Robotlaryň ini, uzynlygy we beýikligi iň köp 50 sm. (oýun başlanyndan soňra islege görä açylyp ýada ulalyp biler)
- Robotlarda agram, tok güýji we başga çäklendirme ýok.
- Robotlarda islendik motor, islendik serwo motor we ýa başga haýsydyr bir enjam ulanylmaga rugsat berilýär.
- Bäsleşige gatnaşyjylar, oýun wagtynda goraýjy äýnekler, ýeňli köýnekleri we ýapyk aýakgaplary geýmeli.
- Oýun meýdançasy 3x3 metr kw görnüşinde 0.5 we 1 metr arasy beýiklikde (6-njy surat).
- Bäsleşigiň bu görnüşine islendik ýaş topary gatnaşyp biler.
Habarlaşmak üçin ýörite jogapkär: +993 61 86 27 66

Ýazylmak üçin QR kod:


Surat 1

Surat 2
Surat 3
Surat 4

Surat 5

Surat 6