Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy ýurduň mizemez binýady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy ýurduň mizemez binýady” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni eziz Diýarymyzda giňden dabaraly bellenip geçilýär. Ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolan Konstitusiýamyz hem­de Döwlet baýdagymyz guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolup, ähli kanunlar oňa esaslanýar. Konstitusiýamyzda döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem­de borçlary kesgitlenendir. Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň we Döwlet senasynyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarydygy, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1­nji maddasynda Döwlet baýdagymyzyň milletiň agzybirliginiň hem Garaşsyzlygynyň we döwletiň Bitaraplygynyň nyşanydygy barada bellenip geçilýär. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Bu ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Munuň özi döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýan dygyny, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan her bir tutumly işiň halkyň bähbidine gönükdirilendigini görkezýär. Ata Watanymyzy ösüşleriň belent sepgitlerine tarap batly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

TSTP