Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda partiýanyň işjeň agzalarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylykly ýoly we Arkadagly Serdarymyzyň giň gerimli sepgitleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklary, goňşy ýurtlar bilen ýola goýulan medeni we syýasy gatnaşyklar barada buýsançly gürrüňler edildi. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryna berýän uly ünsi, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, asuda diýarymyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň dünýä orenasyndaky mynasyp orny barada durlup geçildi.
Çärä gatnaşanlar şeýle parahatçylykly ýörelgeleri öňe sürüp, döwletimizi ösüşli ýollar bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP