Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BÜTINDÜNÝÄ DURNUKLY ULAG GÜNINE BAGYŞLANDY

Şu gün Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw jaýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden kararnamasyna laýyklykda her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag pudagynyň eýeleýän orny, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynda durmuşa geçirilýän milli we halkara taslamalarynda ýurduň ulag diplomatiýasy, şeýle hem bu ulgamda ulag strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we «Açyk gapylar» syýasatynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler we geoykdysady taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan ýurduň ulag-üstaşyr kuwwatyny peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet dünýäniň ýurtlarynyň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän durnukly ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň kemala getirilmegine gönükdirilen uly tagallalar edýär. Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlar boýunça täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek babatda uly işler geçirilýär. Bu bolsa Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar şeýle hem Türkmenistan logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasyny durmuşa geçirip, ýurt sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkidýär diýip belläp geçdiler. 

Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzyň ulag ulgamynda, şeýle hem ylmy-barlag, okuw-usulyýet bilim işlerinde we hünär taýýarlygyna eýe bolmaga giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TSTP