Şu günTürkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary barada talyp ýaşlaryň arasynda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň mizemez binýady» atly maslahatda geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna sowgat beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly gymmatly kitaby nesillerimize hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini düşündürmekde, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin täsirli gürrüňler edildi.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, ýurdumyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, kämil edip ýetişdirmekde uly işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP