Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda uniwersitetiň binasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 18-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Duşuşykda çykyş edenler döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen taryhy mejlisiň ýurdumyzyň ösüşindäki ähmiýetini bellediler. Esasy üns «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyna, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna», bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, 2031-nji ýyla çenli ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasyna, şeýle hem ahalteke bedewlerini we milli atçylyk sungatyny dünýäde wagyz etmek boýunça halkara çärelere gönükdirildi.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin Halk Maslahatynyň Mejlisiň, Hökümetiň we jemgyýetçilik birleşikleriniň utgaşykly alyp barýan netijeli işleri geljekde-de yzygiderli dowam etdiriler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP