Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Watan gerçeklerini unutmaýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňişiň güni mynasybetli “Watan gerçeklerini unutmaýar” atly duşuşyk geçirildi. Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garaýar. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hemaýatlar berilýär. Döwlet Baştutanymyz Ýeňiş güni mynasybetli dabaralaryň ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň Watanymyzyň durmuşynda uly syýasy ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerine eýerip, Lebap welaýatynda ýaşaýan uruş weteranlaryny Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk baýramy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşuryldy.

TSTP