Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sport saglygyň girewidir

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmeklige we sagdyn durmuş ýörelgesini kämilleşdirmeklige gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Sport saglygyň girewidir” ady bilen sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda ýaryş geçirildi. Geçirilen ýaryşda Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň zehinli okuwçylary özüniň başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolan okuwçylara TSTP-niň Lebap welaýat komiteti tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Giň gerime eýe bolan şeýle çäreleriň ýaşlaryň sporta bolan söýgini artdyryp, agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellärliklidir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem sportda kämilleşýän ýaş nesilleriň dürli ýaryşlara gatnaşyp, mukaddes Tugumyzy belentde parlatjakdyklaryna, ýurdumyzyň sport abraýyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýarys. Munuň şeýle bolmagy üçin Arkadagly Serdarymyz ähli şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP