Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MILLI MIRASYMYZY ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GIŇDEN WAGYZ ETMEK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda gurnamagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýinde ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ruhy mirasymyzyň ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen «Milli ruhy – ahlak ýörelgeleri» atly düşündiriş ähmiýetli çäre we gezelenç gurnaldy. 

Häzirki zaman bilim ulgamynda ýaşlaryň diňe bir kitaplardaky maglumatlar bilen çäklenmän, eýsem taryhy ýadygärlikleriň, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen geçmişi duýmagy olaryň ruhy taýdan baýlaşmagyna giň ýol açýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan parasatly ýörelgeleri halkymyzyň dünýägaraýşynyň, edep-ekramynyň we ahlak ölçegleriniň berk sütünidir. Uly hormat, kiçä mähir sözüňde tapylmak, zähmete hormat, halallyk we watansöýüjilik ýaly gymmatlyklar türkmen maşgalasynyň we jemgyýetiniň ruhy sütünleri hökmünde nesilden-nesle geçip gelýär. Şeýle ýörelgeleriň ýaşlaryň gündelik durmuşyna we aňyna ornaşdyrylmagy olaryň diňe bir ussat hünärmen däl, eýsem ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we jogapkärçilikli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär. “Gökdepe” taryhy- ülkäni öwreniş muzeýiniň giňişliginde guralan bu göçme okuw sapagy taryhy wakalaryň manysyna has çuňňur düşünmäge şert döredýär. Muzeýdäki gymmatlyklar we taryhy şaýatlyklar ýaşlara ata-babalarymyzyň erkinlik, Watan goragy ugrundaky ýoluny ýakyndan tanamaga, milli buýsanjymyzyň gözbaşyny giňişleýin öwrenmäge  mümkinçilik berýär. Geçmiş bilen şu günüň arasyndaky şu ruhy köpri ýaşlarda öz taryhyny sarpa goýmak, milli gymmatlyklary gorap saklamak we olary geljekki nesillere mynasyp ýetirmek duýgusyny berkidýär.

Milli mirasymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

TSTP