Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Makul Täjirçilik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda «Berkarar Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hususy pudagyň goşandy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Şeýle hem, şol gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda bu kärhananyň çaý önümçilik bölüminde ýaş talyplar üçin gyzykly göçme okuw sapagy gurnaldy.
Çäräniň we okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda milli ykdysadymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, içerki bazarlarymyzy ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen doldurmakda we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda telekeçileriň alyp barýan giň gerimli işleriniň ähmiýetini bellediler. Talyplar kärhananyň tehnologik prosesleri, hususan-da çaý önümleriniň taýýarlanylyş tertibi bilen amaly ýagdaýda ýakyndan tanşyp, nazary bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrdylar. Şeýle hem Arkadag Serdarymyzyň baştutanlygynda hususy pudaga berilýän döwlet goldawlarynyň ýaş hünärmenleri ruhlandyryjy möhüm itergi bolup durýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň we göçme sapagyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, hünär öwrenmegi we zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýänleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP