Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Sakarçäge etrabynyň ekin meýdanlarynda guralan «Rysgal – berekediň we bolçulygyň mekany» atly wagyz-nesihat duşuşygy welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçy gelin-gyzlarynyň zähmet ýeňişlerini has-da rowaçlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Göni meýdan şertlerinde geçirilen bu duşuşyk ýurdumyzda oba hojalyk zähmetkeşleriniň, hususan-da, «ak altyn» hanalarynyň, pagtaçy gelin-gyzaryň yhlasly zähmetine goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Möwsümleýin pagtaçy ýygymçy gelin-gyzlaryň iş wagtynda guralan bu çäre hem-de zähmetkeşlere gowşurylan höweslendiriji sowgatlar ýürekleri joşduryp, olara täze zähmet üstünliklerini gazanmaga uly ruhubelentlik we kuwwatly itergi berdi.
Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkitmegine, telekeçiligiň giňden goldanylmagyna we halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyna döredip berýän ähli mümkinçilikleri hem-de döwletli başlangyçlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsun aýdýarys.
TSTP