Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan telekeçi G.Orazowyň önümçilik kärhanasynda guralan bu maslahat ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny wagyz etmäge we zähmetkeşleriň arasynda düşündiriş işlerini güýçlendirmäge gönükdirildi.
Duşuşykda milli ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, hususy pudagyň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşandyny artdyrmak hem-de önümçilikde zähmet çekýän işgärler üçin döredilýän şertler giňden beýan edildi.
Bu duşuşyk kärhanadaky zähmet adamlarynyň ruhubelentligini ýokarlandyrmaga, partiýanyň guramaçylyk işleriniň netijeliligini artdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly ýardam berdi.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bähbitlerine, ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen parasatly syýasatlary mundan beýläk-de rowaç alsyn! Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP