Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy — ýaş nesliň watançylyk we ahlak mekdebi!» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynda milli bilim ulgamynda, jemgyýetçilik durmuşynda we ýaş nesliň terbiýesinde öçmejek yz galdyrýan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu umumy sapakda diňe bir nazary bilimleri geçirmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrýan, olara zähmet, ahlak we ylym-bilim barada dogry ýol görkezýän hakyky durmuş mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hut ylymly, bilimli, giň gözýetimli we ahlakly ýaşlaryň ellerindedir diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň berýän pentleri we paýhasly maslahatlary ýaşlaryň milli buýsanjyny taplap olary täze zähmet we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.
Maslahatyň ahyrynda ýaş nesliň aň-bilimli, watançy hem-de ahlakly bolup ýetişmeginde edýän atalyk aladalary we paýhasly pentleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun hem-de çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
TSTP